— Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde
hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga-da
gol çekdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan zerur işler
alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy bilen tassyklanan meýilnama esasynda,
dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine 15-nji iýulda badalga
berlip, bu ugurdaky işler «2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär
okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul
etmegiň Tertibine» laýyklykda alnyp barylýar. Ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine kabul etmek bilen bagly maglumatlar (hünärler we taýýarlygyň
ugurlary, resminamalaryň kabul edilýän ýerleri hem-de möhletleri, hünärler
boýunça alynýan synaglar we beýlekiler) taýýarlanyp, gazetlerde, Türkmenistanyň
Bilim ministrliginiň, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň resmi
web saýtlarynda halk köpçüligine ýetirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň ýokary we
orta hünär okuw mekdeplerine 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň
saglygy goraýyş barlaglarynyň welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde
geçirilýän ýerleri bolan bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň, saglyk öýleriniň
salgylary, habarlaşmak üçin telefon belgileri baradaky maglumatlar paýlaşyldy.
Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek ýokary okuw mekdeplerinde,
mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde
28-nji iýula, beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde 19-njy awgusta çenli dowam
eder. Resminamalar hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde, welaýat
merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde kabul ediler.
— Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärler hünärmen, bakalawr,
magistr maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilýär. Şolaryň hersiniň
aýratynlyklary barada gysgaça düşündiriş berseňiz ýerlikli bolardy.
— 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynyň (rejelenen görnüşi) 28-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokary
hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli, şonuň ýaly-da bir
derejeli gurluş düzümi bar.
Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş
düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji derejesi — bakalawr maksatnamasy
hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim
hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksatnama boýunça hünärmenleri taýýarlamak umumy
orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.
Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş
düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi — magistr maksatnamasy hünär
ýa-da dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň
dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy
üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksatnama boýunça
hünärmenleri taýýarlamak ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.
Okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri (hünärmen
maksatnamasy) taýýarlamagyň bir derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär
bilimi hünär, pedagogik, barlag-gözleg işleriniň ähli görnüşlerini amala
aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksatnama
boýunça hünärmenleri taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda
amala aşyrylýar.
— Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwlar
talyp hakly we tölegli esasda alnyp barylýar. Dalaşgärler üçin tölegli okuwlar
baradaky maglumatlar hem gyzykly bolsa gerek.
— Ýokary hünär bilimi görnüşi (uniwersitet, akademiýa,
konserwatoriýa, institut we beýlekiler) hem-de ähmiýeti (umumydöwlet we sebit)
boýunça dürli ýokary hünär bilimi edaralarynda (ýokary okuw mekdeplerinde),
orta hünär bilimi bolsa orta hünär bilimi edaralarynyň dürli görnüşlerinde,
şeýle hem degişli bilim maksatnamalaryna ygtyýarnamalarynyň bolan ýagdaýynda,
ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp bilner. Şonuň üçin, dalaşgärler
resminamalaryny tabşyrýan ýerinde, kabul ediş toparlarynyň agzalaryndan ähli
sowallaryna degerli jogaplary, şol sanda okuwlaryň tölegleri barada hem anyk
maglumatlary alyp bilerler.
— Indiki okuw ýylynda öwredilip başlanjak täze hünärler
haýsylar we olar nähili zerurlyklardan ugur alnyp açylýar?
— «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi
edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak
barada bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň
barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygyny
nazara alyp, birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy.
Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr
maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa;
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen
maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili
we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we
edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim
(defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen
maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak,
seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda;
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr
maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki
ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki
ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy;
Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça
medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy.
— Adatça, her ýyl okuwa kabul edilýän talyplaryň sany
artdyrylýar. Öňümizdäki okuw ýylynda bu babatda nähili üýtgeşmeler bolar?
— 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 (şol sanda hünärmen
we bakalawr maksatnamalary boýunça — 15 müň 303, magistr maksatnamasy boýunça —
623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303
(hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça
199) adam köpdür. Munuň özi Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp
dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda
üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaşlar üçin giň
mümkinçilikleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir.
— Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň iň köp isleg
bildirýän hünär ugurlary barada nämeleri aýdyp bolar?
— Milli ykdysadyýetimiziň zerurlyklaryna laýyklykda,
ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň hem-de taýýarlygyň
ugurlarynyň ençemesi açylyp, dürli ugurlarda degişli derejedäki hünärmenler
ýetişdirilýär. Ýakyn geljege berilýän çaklamalar, şeýle hem ýurdumyzda sanly
ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler IT ugurly hünärlere islegi
artdyrýan bolsa, ähli pudaklarda maliýe-ykdysady, hojalyk gatnaşyklarynyň
bolmagy ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan hünärmenlere zerurlygy emele
getirýär. Şol sebäpden, diňe bir ol ýa-da beýleki däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklary üçin hünärmenler taýýarlanylýan ugurlary ýaşlar tarapyndan has
isleg bildirilýän hünärler hökmünde görkezmek bolar.
Ýeri gelende bellesek, her ýyl ýokary we orta hünär
okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy ýurdumyzyň ministrlikleriniň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargytlary esasynda taýýarlanylýar.
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere zerurlyklary
bolsa her ýyl dürli-dürli bolýar.
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,
dalaşgärler üçin nähili ýeňillikler göz öňünde tutulýar?
— Rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynda ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň
howandarlygyndan galan çagalaryň; maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi
anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda
okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň; harby we hukuk
goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby
gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň; köp çagaly (sekiz çagadan az
bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen
ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi
kesgitlenilýär. Şeýle-de bu Kanunda okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň
döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň; taýýarlygyň bedenterbiýä we
sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän
Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;
taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa
girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň; III topar
maýyplygy bolanlaryň; çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň; saýlan
taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan
dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär
bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan
edilýär.
— Sowallarymyza degerli jogaplary berendigiňiz üçin
sag boluň! Size bu jogapkärli möwsümde alyp barýan işleriňizde üstünlikleri,
ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmegi ýüreginde
beslän ýaşlarymyza bolsa maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.
- Sag boluň!
«TÜRKMENISTAN»
17.07.2024
// Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm