Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi döwlet edarasy bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tabynlygyna degişli bolup, döwlet býujetiniň hasabyna hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda Bilim ulgamynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegini gazanmak, giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin kämil orta hünärli işgärleri taýýarlamak bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 12955 belgili kararyna laýyklykda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Gyzylarbat şäherinde döredildi we 2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan işe girizildi. Orta hünär okuw mekdebi hünär taýýarlygynyň "Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş", "Maliýe we karz", "Ykdysadyýetwe meýilnamalaşdyryş“ ugurlary boýunça ilkinji talyplaryny jemi 80 sany talyby okuwa kabul etdi.  Häzirki wagtda mekdepde jemi 200 sany talyp dürli ugurlar boýunça bilim alýar. Mekdebimizde okuwyň dowamlylygy iki ýyl, tölegli esasda alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli talyplara maliýe-ykdysady ugurlardan bilim bermegini dowam edýär. Okuw mekdebimizde okuw sapaklarynyň ähli görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary tarapyndan Türkmenistanyň Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp tassyklanan Okuw meýilnamasy bilen alnyp barylýar.

Maksady:
Orta hünär okuw mekdebiniň esasy maksady welaýatymyzyň maliýe-ykdysady, bank ulgamynda işläp biljek orta hünär bilimli ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamak üçin döredilendir.
Mekdebimizde okuwyň dowamlylygy iki ýyl, tölegli esasda alnyp barylýar. Ýurdumyz üçin orta hünär bilimli maliýe-ykdysatçy hünärmenleriň zerurlygy sebäpli ýylyň-ýylyna okuwa talyplyga kabul etmekligiň sany artdyrylýar we şu okuw ýylynda biziň orta hünär okuw mekdebimize 100 sany talyp okuwa kabul edildi. Häzirki wagtda mekdebimizde jemi 200 sany talyp bilim alýar.

Okuw binasy we onuň enjamlaşdyrylyşy barada:
Okuw jaýynyň binasy – 1 bolup, ol iki gatdan ybaratdyr,
6 sany synp otagy bar, şolardan 2-si multimediýa enjamly,
1-i multimediýa we kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan,
1-i bolsa aýratyn kompýuterler  bilen enjamlaşdyrylan,
2-si bolsa gerekli maglumatlary özünde saklaýan diwarlyklar bilen üpjün edilendir.

Goşmaça maglumatlar:
Biziň talyplarymyz Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Talyplarymyz şäher, etrap, welaýat derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna işjen gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar, muny talyplaryň gazanan Hormat hatlary hem subut edýär. Mekdepde talyplardan düzülen folklar-tansçylar topary bolup, olar şäherimizde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde özleriniň aýdymlary, läleleri, tanslary(küştdepdi) bilen yzygiderli  çykyş edip durýarlar.
Mekdebimiziň işgärleri we talyplary özleriniň bilim derejelerini, aň-düşünjelerini, gözýetimlerini giňeltmek maksady bilen ýylyň-ýylyna gazet-žurnallara abuna ýazylyşygyna (online) işjeň gatnaşýarlar we metbugatda makalalar bilen çykyş edýärler.  Jemgyýetçilik guramalaryň, ýaşulularyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mekdebiň işgärleriniň we talyplarynyň arasynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, edepli, tertipli bolmaklyk, ýaramaz endiklerden daşda durmak ýaly wagyz nesihat çäreleri, duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar.
Mekdebiň içinde we daşynda, synp otaglarynda arassaçylyga uly üns berilýär, bag nahallaryny, dürli gülleri ekmek, olara ideg etmek talabalaýyk alnyp barylýar. Munuň şeýledigine okuw jaýlarynyň arasynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi tarapyndan „Özleriniň ýan meýdançalarynda tebigatyň janly gözelliklerini döretmekde“ iň oňat okuw jaýy diýen ady almak ugrunda yglan eden bäsleşiginde II we I orunlara mynasyp bolmaklygymyz hem güwä geçýär. Biz mundan beýläk hem öz gujur gaýratymyza, aň düşünjämize, başarnygymyza daýanyp zähmet çekeris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:  Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Döwletmämmet Azady köçesiniň 1 „ç“  jaýy.

Uçurymlary
Orta hünär okuw mekdebimizde hazirki wagtda her ýylda 100 sany uçurym okuw mekdebini tamamlaýarlar. 2013-nji ýyldan häzirki wagta çenli  jemi 578 sany uçurym okuw mekdebini tamamlady. Uçurymlar synaglary we döwlet synaglary üstünlikli tabşyranlaryndan soňra olara Döwlet synag toparynyň karary esasynda „Ykdysatçy“ käri berilýär we wagtlaýynça diplom blanklarynyň nusgasy gowşurulýar. Mekdebi tamamlan uçurymlar döwlet we hususy edaralarda ykdysady we senagat pudaklarynda, bilim ulgamynda, bank ulgamynda, salgyt we maliýe ulgamlarynda we mundan başga-da telekeçilik işlerinde we dürli edaralarda zähmet çekýärler.

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40