Myhmansöýerlik
Berkarar döwletimiziň täze eýýsmynyň Galkynyşy döwründe eziz
diýarymyzda ýaş nesilleri watansöýüjilik, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik
ruhunda terbiýelemekde, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine söýgi we
buýsanç döretmekde ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenlerde "gelen
döwlet" diýilýär. Ýagşy arzuw - niýet bilen gapydan ätlän myhman bilen öýe
rysgal - bereket, döwlet gelýär diýlip hasaplanylýar.
Saglyk - amanlyk soraşylandan soň
myhmany bosagada kän saklamagam oňlanylmaýar. Gelen myhman erkek kişi bolsa,
şol öýdäki gyz maşgalanyň gaty gürlemegi, sesli gülmegi gelşiksiz hasaplanylýar.
"Myhman az otursa-da, köp
synlar" diýlişi ýaly, ol synçy bolýar. Şonuň üçin hem öý - içeriňi tämiz
saklamak, özüňi edepli alyp barmak ulugyzyň, aýal maşgalanyň borjy bolup
durýar.
Myhmanyň öňünden geçmek, uly adamlaryň
gürrüňine goşulyp, olaryň söhbedini bölmek ýaşlara gelişýän häsiýet däl.
Halkymyz myhmany belent mertebeli ynsan hökmünde kabul edýär. Türkmeniň
dessuryna görä, öýüňe gelen myhmanyň iki elini ýuwdurmak däbi bar. Bu däbi
ýerine ýetirmek köplenç ýaş kiçileriň paýyna düşýär. Adamlaryň eline suw
akytmagyň-da özüne mahsus edep - kadalary bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwrüniň täze eýýamy döwründe myhman garşylamakda Hormatly Prezidentimiz hemmelere görelde bolýar. Hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew
batly at-myradyň mekany" ýylynda ata- babalarymyzyň akyl - paýhasyny
özünde jemleýän ýagşy däp- dessurlarymyzy dowam etdirmek ugrunda ýurdumyzda uly
işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de däp-dessurlary çuňlugy bilen öwrenmek ýaş
nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Milli mirasymyzy içgin öwrenmekde,
ony gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly tagallalary
edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri
uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Tayyarlan: mekdebiň mugallymy G.Güýzgeldiýew.