Baky Bitaraplyk buýsanjymyz geljege uzaýan ak ýolumyz.

Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga, ösüşlere we özgertmelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa
ýugrulan syýasaty Watanymyzyň gülläp ösüşine, halkymyzyň has-da bagtyýar
ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýä döwletleri bilen
dost-doganlyk hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklary berk binýadyny
düzýär. Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak
diýmekdir. Şanly senelere beslenýän
halkara giňişliginde ösdürilýän başlangyçlara dünýä döwletleriň ählisi
tarapyndan bir agyzdan makullanyp hukuk resminamalary bilen berkidilýär. Ata
Watanymyzyň Hemişelik Bitaraplyk derejesi hem Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň belent münberinde 3 gezek ýagny, 1995-nji ýylyň 12-nji
dekabyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 185 döwletiň,
şeýle hem 2015 – nji ýylyň 3 nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 69 – nji mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan gollamagynda
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly rezolýusiýa ikinji gezek, 2025 –
nji ýylyň mart aýynyň 21 – ne üçünji gezek
taryhy kararnamalar esasynda ykrar edilen hukuk derejämiz bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň içerki we
daşarky syýasatynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk biziň dünýä bileleşigi
tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy,
ynsanperwerli we hoşniýetli
hyzmatdaşlygy we ösüşi berkidýän biziň taglymatymyzdyr diýip, jaýdar
belläp geçýär. “Halkara Parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň” nyşanynda ýerleşdirlen laçyn guşuň ganatlary göz öňünde
janlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu
ýylyň nyşanynyň esasy many – mazmuny
laçyn guşuň bir ganaty döwletimiziň Garaşsyzlygy beýleki ganaty bolsa
döwletimiziň Bitaraplygy hökmünde häsiýetlendirýär. Garaşsyzlyk we
Bitaraplyk biziň döwletimiziň goşa
ganaty bolup durýar. Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty, halkara
parahatçylygyny, howupsyzlygyny we
durnukly ösüşleri üpjün etmekde, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde,
ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, durmuş ulgamynyň
kämilleşdirilmegi we halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagynda möhüm orny
eýeleýär. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we dünýä döwletleriň arasynda dostlugyň hakyky merkezine öwrülen ýurdumyzda Birleşen
Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde
uly forumlaryň we ajaýyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Bitaraplygymyzyň mekany bolan ýurdumyzda ösüşlerden ösüşlere
beslenýän wakalaryň şaýady bolýarys. Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda
dünýä döwletleri we halklary bilen bilelikde
her ýyl dekabr aýynyň 12 – ne bellenilýan Bitaraplygymyzyň şanly 30
ýyllyk baýramy ýurdumyzda halkara
derejesinde giňden bellenilýär. Bizi bagtyýar durmuşda, asuda zamanda ýaşadýan
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar
ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary, belentden ýaňlanyp, ýer ýüzünde
parahatçylygy, dostlugyny ösdürmek, dostana goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da
rowaçlandyrmak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň
janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw
edýäris.