"Hakyda göwheri" we türkmen taryhy
Bu kitaby okan pursadyňda türkmen
halkynyň taryhyna buýsanç bilen garaýandygyňy duýman galýarsyň. Sebäbi bu
kitapda taryh barada aýdylan her bir
waka ylmy subutnamalar bilen subut edilip görkezilýär. "Taryha syýahat" bölüminde türkmen halkynyň gadymy
siwilizasiýalaryndan (mysal üçin, Änew, Altyndepe, Marguş) tä şu günki
günlere çenli geçen şöhratly ýoly taryhy wakalar, arheologik maglumatlar we
çeper beýanlar arkaly okyja ýetirilýär. Bu bölümde ýurduň çäginde saklanyp
galan taryhy-medeni ýadygärliklere aýratyn orun berilýär.
·
"Ruhy miras" bölüminde bolsa türkmen milletiniň baý medeni-ruhy gymmatlyklary,
däp-dessurlary, ahlak ýörelgeleri we beýik şahsyýetleriniň aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ählumumy gymmatlyklara
ýetiren täsiri ýaýbaňlandyrylyp görkezilýär.
Awtor Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy maglumatlary
diňe bir ylmy taýdan däl, eýsem, çeperçilik we pelsepewilik
nukdaýnazaryndan hem seljerýär. Kitapda beýan edilýän "Geçmiş geljegiň
berk binýady", "Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen
nurlanýar" ýaly paýhasly jümleler we garaýyşlar okyjyny watançylyga, ylma,
bilim-terbiýeçilige we zähmete ruhlandyrýar.
"Hakyda göwheri" kitaby türkmen halkynyň
milli aňyny, özboluşlylygyny gorap saklamak we ony geljekki nesillere
ýetirmekde wajyp çeşme bolup durýar. Ol diňe bir taryhy ýazgy däl, eýsem,
milletimiziň durmuş we döredijilik ýoluny şöhlelendirýän ruhy gymmatlyklaryň
hakyky "göwheridir"
Taýýarlan: BAlkan welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy G.Güýzgeldiýew