Iňlis dili hepdeligi

     Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde aprel aýynyň soňky hepdesinde ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylyna bagyşlap hem-de ''Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan"ugur alyp 23-nji aprel "Halkara iňlis dili güni" mynasybetli iňlis dili hepdeligi geçirildi.
    Geçirilen iňlis dili hepdeliginiň esasy maksady talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini artdyrmak,döredijilik ukyplaryny ösdürmek we toparlaýyn işlemek endiklerini kämilleşdirmek boldy.
    Hepdelik talyplaryň taýýarlan "Parahatçylyk" temasyndan özboluşly sergi bilen açyldy, ol okuw binasynda ýaýbaňlandyryldy.Şol gün talyplaryň taýýarlan dürli diwarlyklary görkezildi.Talyplaryň arasynda depder bäsleşigi guraldy.Depderleriň arassa, yzygiderli hem-de nagyş ýaly owadan ýazylanlary mugallymlar tarapyndan bahalandyryldy.Hepdeligiň ikinji gününde mekdebiň I.ýyl talyplarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirildi.Bäsleşige her topardan 3 talyp gatnaşyp,dürli soraglara jogap berdiler.Bäsleşik iňlis dilini öwrenmegiň esasy 4 görnüşi,ýagny:"Writing","Reading","Listening" we "Speaking" boýunça tapgyrlaýyn geçirildi.Bäsleşikde "Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş" hünäriniň talyplary tapawutlandy.Şol gün II.ýyl talyplaryň taýýarlamagynda iňlis diliniň ähmiýeti barada görkezme sapak guraldy.Talyplar prezentasiýalar we dürli maglumatlar bilen üstünlikli çykyş etdiler.Hepdeligiň 3-nji gününde I. we II. ýyl talyplaryň arasynda iňlis dilinde aýdym aýtmagyň "Karaoke"görnüşinde bäsleşik guraldy
hem-de mekdebiň talyplarynyň arasynda "Parahatçylyk" temaly gysga kino bäsleşigi geçirildi. I. ýyl talyplar has tapawutlanyp gyzykly pursatlara şaýat bolduk.Soňraky günlerde mekdebiň II. ýyl talyplarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirilip, çykyş gurnaldy. Çykyşda ähli talyplaryň gatnaşmagynda; aýdym-sazly tanslara, dürli sahnalara tomaşa etdik.Talyplar iňlis dilinde örän göwnejaý çykyş etdiler.Hepdeligiň ahyrky gününde mekdebiň ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýeňiji bolan hem-de işjek gatnaşan talyplara dürli sowgatlar,hormat hatlary gowşuryldy.Umuman hepdelik talyplarda höwes döredip, mugallymlarda hoşallyk galdyrdy.
    Biz ýaşlara şeýle parahat ýurtda ýaşamaga, okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Gahryman Arkadagly Serdarymyza talyplaryň hem-de  mugallymlaryň adyndan çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň jany sag, başy dik we tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!


                                                                                                                                                                                                                                             Iňlis dili mugallym Nuryýew R.N.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40