Zenan diýmek dünýedir
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň
täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe toýlarymyz toýa
ulaşýar. Ine şu
gün hem Halkara
Zenanlar güni bolan
8-nji mart baýramy
mynasybetli bilim ojagymyz
bolan Balkan welaýat
maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebimizde “Zenan
diýmek dünýedir” ady
bilen ähli toparlaryň
arasynda baýramçylyk dabarasy
giňden bellenilip geçildi.
Ene- dünýäniň iň owadan
güli, ter bägüli.
Ol gül biziň
kalbymyzda, ruhy dünýämizde
öz gözelligi bilen
şöhle saçýarka, bizden
bagtly adam ýok.
Mukaddeslige deňelýän, sarpalanýan,
hormatlanýan enelerimizi wasp
etmedik şahyr, olar
barada eser döretmedik
ýazyjy ýok bolsa
gerek. Bu diňe
bir türkmen halkynda
däl, eýsem, dünýäniň
dürli döwletlerinde-de şeýle.
“Enäniň ornuny
tutjak ynsan barmyka?!
Megerem, ýokdur. Ýöne
näme üçindir, öz
mähribanlygy, hamraklygy bilen
hemişe biziň ugrumyzda
kökenek bolup ýören
eziz aýallarymyzy görenimizde,
mähriban käbämiz ýadymyza
düşýär.
Enä meňzeş tämiz
dünýäniň eýesi bolan
eziz uýalarymyz baýramyňyz
bilen!”
Bagtyýar döwrüň bagtly
zenanlaryny hormatlaýan, sarpalaýan
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janylary
sag, ömürleri uzak,
il –ýurt bähbitli döwlet
ähmiýetli işleri hemişe
rowaçlyklara beslensin!
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär
okuw mekdebiniň mugallymy:
Gültäç Amanowa