Zähmet jemgyýetiň gymmaty.

Durmuş – ykdysady we tehnologik ösüşiň öňe ilerlemegi zähmetiň köp
görnüşleriniň çylşyrymlaşmagyna, jogapkärçiligiň artamagyna, hünär bilen
baglanşykly wezipeleri ýerine ýetirlende bolsa, subýektleriň funksional mumkinçiliklerine
bolan talaplaryň ýokarlanmagyna getirýär. Bu jemgyýetiň häzirki ösen
derejesinde zähmet işjeňligi barada zähmet meselelerini çözmekde adamlaryň
mümkinçiliklerini netijeli ullanmak arkaly amala aşyrylýar.
Zähmet adamyň akyl ýetirmegi netijesinde emele gelýän işjeňliginiň esasy
görnüşi bolup, onuň şahsy we jemgyýetçilik durmuşynda özüni ykrar etdirmeginiň
serişdesi we usuly bolup hyzmat edýär.



 Zähmet - adamlaryň
jemgyýetçilik we şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur maddy hem-de
ruhy nygmatlary öndürmeklige ugrukdyrylan maksadalaýyk, aňly-düşünjeli we
guramaçylykly işleriniň jemidir. Zähmetiň mazmuny we häsiýeti öndüriji
güýçleriň we önümçilik gatnaşyklarynyň ösüş derejesine bagly bolup durýar.



Zähmetiň iki tarapyny
tapawutlandyrsa bolar: takyk we abstrakt.
Takyk zähmet-netijesi kesgitli isleg ödeýiş gymmatyny
döretmek bolup durýar, adamlaryň maksadalaýyk gönükdirilen işlerini özünde
jemleýär. Takyk zähmet ýörite serişdeleriň we zähmet predmetleriniň hem-de
ýörite professional endikleriň ulanylşy bilen häsiýetlendirilýär. Abstrakt
zähmet bolsa, adam energiýasynyň harajatlaryna düşünilýär. Takyk zähmet
tehniki-tehnologiki mazmuny,abstrakt zähmet bolsa sosial-ykdysady mazmuny
häsiýetlendirýär.



Zähmetiň
tehniki-tehnologiki mazmuny zähmet funksiýalarynyň mukdar we hil
düzümini,olaryň gatnaşygyny we özara arabaglanşygyny görkezýär.Zähmet
funksiýalarynyň tapawutlanýan aýratynlyklaryna kärleriň dürlüligi, işgärleriň
kwalifikasiýalarynyň derejeleriniň bir meňzeş däldigi görnüşinde seretse
bolar.Oňa tehnikanyň we tehnologiýanyň täzesiniň döremegi, zähmet
predmetleriniň üýtgemegi,taýýarlanýan önümiň aýratynlyklary täsir edip biler.



Zähmetiň jemgyýetçilik-ykdysady mazmuny işçi güýçleriniň sarp edilşiniň
derejesini we usulyny, şonuň ýaly-da olaryň zähmet prosesinde amala aşyrýan
jemgyýetçilik gatnaşyklaryny häsiýetlendirýär. Işçi güýçleriniň sarp edilişi
akyl harajatlarynyň we fiziki energiýanyň gatnaşyklary bilen,profesional
ussatlygyň derejesi bilen, zähmetiň intellektuallygy bilen, zähmet işlerinde
döredijilik elementleriniň sany bilen baglanşyklydyr.



Zähmet
prossesi adamlaryň maksadalaýyk işlerinden, ýagny, zähmetiň özünden,     zähmet predmetlerinden we zähmet
serişdelerinden ybarat bolup durýar.



Ø
Zähmet
predmeti
-bu adamyň zähmetiniň gönükdirilen zadydyr.



Ø
Zähmet
serişdesi
-bu adamyň zähmet predmetine täsir etmekde ulanýan
guralydyr.



Zähmet
serişdeleri we zähmet predmetleri birleşip, önümçilik serişdelerini emele
getirýärler.



 



Zähmetiň ýerine ýetirýän wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin kesgitli şertleriň döredilmegi zerurdyr
olara:



 



Ø Anyk işi ýerine ýetirmek üçin mynasyp adamlary saýlamak;



Ø Hünär
taýdan taýýarlyk;



Ø
Zähmet prosesiniň guralyşy we onuň şertleri;



Ø
Zähmet serişdeleriniň netijeliligi we amatlylygy;



Ø
Adam mumkinçilikleriniň iş ýüklerine laýyklygy;



Ø
Zähmet howpsuzlygyny, hünär sagdynlygyny we ömrüň dowamlylygyny üpjün etmäge çalyşmak, işgäriň işe ukyplylyk häsiýetine
goldaw berýän  ulgamyny döretmek.




ýerlerinde zähmet bölünişigi: umumy zähmet bölünşigi; hususy zähmet
bölünşigi; ýekeleýin zähmet bölünşigi diýen böleklere bölünýär.



Ø Umumy
zähmet bölünişigi –

önümçilikdäki zähmet işleriniň dürli görnüşleriniň özbaşdaklaşdyrmak hadysasy
bolup : senagat, gurluşyk, oba hojalyk we ş.m.



Ø Hususy
zähmet bölünişigi –
pudak
boýunça zähmetiň bölünişigi bolup mysal üçin:
ýaşaýyş jaý ullanyş tresti: ýaşaýyş jaýlaryň ulanylyşy, agyz suwuň
üpjünçiligi, jemagat hyzmatlary, şäher abadanlaşdyrylyşyna gözegçilik edýär, ýa
–da nebit gaz pudagynda: nebit çykaryjy, gaz üpjünçiligi, nebiti we tebigy
ýangyjy gazlary gaýtadan işlemek we ş.m.



Ø Ýekeleýin
zähmet bölünişigi –

kärhananyň guramanyň içinde zähmetiň dürli görnüşleriniň bölünmegi ýagny:
buhgalterýa, seh, işgärler bölümi, tehniki howupsyzlyk bölümi we ş.m.



 



Zähmetiň kär we hünär bölünişi: Hünär
-
  işjeňligiň
birnäçe görnüşleriniň jemi bolup, obýektiň meňzeş aýratynlyklaryny, mazmunyny,
serisdelerini, guralyşyny, zähmetiň netijelerini we zähmet subýektlerini
taýýarlamaga bo­lan talaplary öz içine alýar.



Kär – bu
işjeňligiň takyk, anyk görnüşi bolup, maksatlaryň,  zähmet serişdeleriniň we zähmet
subýektleriniň hünär taýýarlamagyň
aýratynlyklary bilen häsiýetlendirilýär «Kär» adalgasy,
adatça, işjeňligiň has anyk görnüşlerini häsiýetlendirmekde
ulanylýar, ýagny ol zähmet bölünişigini has-da
çuňlaşdyrmagyň
netijesi bolup çykyş edýär (mysal üçin, hünär – lukman,
kär – terapewt, hirurg, okulist we ş.m.).



 



Zähmetiň iş derejesine laýyklykda
bölünişi:



Ø Esasy
zähmet;



Ø Kömekçi
zähmet;



Ø Hyzmat
ediji zähmet;



Ø Önümçiligi
dolandyryş zähmet.



Esasy
zähmet
 -  bu tehnologik prosese we maşyn,
mehanizimleriň kömegi bilen zähmet predmetleriniň  görnüşlerini üýtgetmeklige gös-göni gatnaşýan
zähmet.



Kömekçi
zähmet
 
bu tehnologik prosesiň dowamynda
enjamlaryň işlemegini üpjün edýän zähmet.



Hyzmat
ediji zähmet
 
-
bu önümçilik
işine gös-göni gatnaşmaýan esasy önümçiligiň zähmet predmetlerine täsir
etmeýän, ýöne önümçilik işiniň dowam etmegine amatly şetleri döredýän zähmet.



Önümçiligi
dolandyryş zähmet
- kärhananyň işgärlerini funksional toparlara bölünişi.



Zähmetiň tehnologik
bölünişi:
bu
işçileriň tapgyrlar, toplumlary we görnüşleri boýunça önümçilik işiniň
böleklere bölünmegidir. Tehnologik işiň iň iri bölünişigi, bu tapgyrlara,
ýagny  sehleriň taýýarlaýyş, gaýtadan
işleýän, ýygnaýjy sehlere bölünmegidir



Zähmetiň funksional
bölünişi:
  önümçilik işine gatnaşygy boýunça
işiň hemme toplumy önümçilik prosesine dürli işgärleriň gatnaşmagynyň
derejesine we häsiýetine baglylykda birnäçe wezipelere bölünýär. Bu zähmetiň
funksional bölünşigi bolup durýar.
Zähmetiň funksional bölünişi:



Ø Esasy
işçiler;



Ø Kömekçi
işçiler;



Ø Hyzmat
ediji işçiler;



Ø Gullukçylar
( ýolbaşçylar, hünärmenler

ýolbaşçylaryň wezipesine
 
-  çözgütleri kabul etmek we olary
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, hünärmenleriň
wezipesine
– ýolbaşçylaryň kabul eden çözgütleriniň esasynda maglumatlary
taýýarlamak degişlidir ).



 



 



 



 



Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Garlyýewa Mähriban

Paýlaş

Watanym bar

Durmuş – ykdysady we tehnologik ösüşiň öňe ilerlemegi zähmetiň köp gö [...]

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40