Ykdysady ösüş
Ykdysadyýet örän
giň düşünjedir. Ol diňe bir önüm öndürýän ýa-da hyzmatlary hödürleýän pudaklary
öz içine almak bilen çäklenmän, durmuş- medeni maksatly binalaryň gurulmagyny,
olaryň üznüksiz işlemegi üçin býujet serişdeleriniň emele getirilmegini hem öz
topragymyzdan önýän oba hojalyk, dokma, nebit-gaz we beýleki önümleriň daşary
ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen çykarylmagy ägirt uly möçberlere eýedir. Häzirki wagtda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýä ýurtlarynynyň arasynda dördünji orny
eýeleýän Türkmenistan döwletimiz tebigy gazy dünýä ýurtlaryna halkara gaz
geçirijiler arkaly eksport etmek bilen bir hatarda, ony gaýtadan işlemek arkaly
alynýan polietilen we polipropilen gerdejiklerini uly möçberde sarp edijilere
iberýär. Polietilenden we polipropilenden taýýar önümleri, harytlary
öndürýän sarp edijiler milli önümlerimiziň ýokary hilliliginiň, ekologik taýdan
arassalygyny biragyzdan ykrar edýärler.Şeýle-de, tebigy gazdan himiki dökünler
bolan karbamidi, azody öndürýän zawodlaryň önümi barha rowaçlanýar. Çünki
türkmen harydyna bolan isleg dünýä sarp edijileriniň arasynda barha ýokary
derejä çykýar. Hormatly Prezidentimiziň
tagallasy bilen, şu ajaýyp döwrümizde milli saglygy goraýyş we derman senagaty
ulgamy, diňe halkymyzyň saglygynyň goragynda durýan ulgam bolmak bilen
çäklenmän eýsem milli ykdysadyýetiň girdeji getirýän pudagyna ynamly öwrülýär. Muňa
aýdyň mysallar hökmünde dünýäniň derman
senagaty babatda ösen tejribeli ýurtlary
bilen hyzmatdaşlykda ýola goýulan milli derman senagatymyzyň ösüşlerini agzap
geçmek bolar. Häzirki wagtda dünýäde peýdalanylýan dermanlyk serişdeleriniň
ýurdumyzda Türkmenistan nusgasynyň öndürilmegi, şeýle-de Mollagaranyň, ýod
önümçiligi kärhanalaryň öndürýän önümleri dünýäde uly abraýa eýedir. Ýurdumyzda
öndürilýän lukmançylykda giňden ulanylýan infuzzion erginlerini we dermanlyk
sargy serişdelerini öndürýän kärhanalar hem girdeji getirýän pudaklara öwrüldi.
Şeýlelikde, bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda importyň
ornuny tutýan ýokary hilli milli önümleriň öndürilişi we dünýä bazarlaryna
çykarylyşy barha artýan derejededir. Ýurdumyzyň
ykdysady kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýan, halkymyzy eşretli
durmuşda ýaşadýan, Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan
tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Balkan welaýat maliýe –ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Tuwakowa
Orazjemal.