Şygyrýet äleminiň şasy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan medeni mirasymyzy aýawly saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek
baradaky taglymaty Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli
kämilleşdirilýär.  Watansöýüji,
ahlak taýdan arassa, lebize ygrarly terbiýelemekde söz ussady, şygyryýet
äleminiň mähek daşy Magtymguly Pyragynyň öňe süren sagdyn pikirleriniň örän uly
ähmiýeti bar.    Türkmeniň
 beýik ogly,
ahlakly we ynsany sypatlary nusgalyk bolan, at owazasy dünýä dolan Magtymguly atamyzyň
paýhaslar ummanyna deňelen döredijilik ussatlygy barada akyldarlar, alymlar
ajaýyp pikirlerini beýan edipdirler.
 Beýik
söz ussadynyň ganatly sözleri halk arasynda şu günlere çenli aýdym bolup
ýaňlanýar. Türkmen halky “Pyragyň ähli ýazan we aýdan zatlary iru-giç berjaý
bolmalydyr” diýip ynanypdyr.
                             



          Beýik akyldaryň “Berkarar
döwlet istärin” diýip özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan
durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy
bilen doly hasyl boldy. Akyldar adamlaryň sada, ak ýürekli we mähirli
gatnaşykda bolmagyny arzuw edipdir. Üstünden niçeme asyr geçsede, gaýa başyny
asmana diräp, howalanyp oturan keremli daglara deňäp, söýgüli şahyrymyz Kerim
Gurbannepesow şeýle diýýär:



        Ýöne bir uly däl, juda uly sen,



        Dag ogly, dag
seri Magtymguly sen,



        Şonuň
üçin saýlap daşlaň ulusyn,



        Ýasadyk biz senden dagyň ýagşysyn.



                                         
Şeýdip dag üstünde dag bolup otur,



                                          Kümüş dünýä
bakyp, daňyňy atyr,



                                         
Geçse-de üstüňden ýüz-müňläp asyr,



                                         
Alarsyň alkyşdan paýyň ýagşysyn.



Ady äleme dolan, ynsan kalbynda ömürlik orun alan, beýik söz ussadynyň
döredijiligi öwrenilýär, ylmy taýdan derňelýär.                                                     

Magtymguly syrym çohdur,                        

Men neýläýin açan ýokdur 

 Akyldary
özüniň seždegähi ruhy saýan Gurbannazar Ezizow öz duýgularyny şeýle beýan edýär:
“Biziň Beýik şahyrymyz bar. Magtymgula düşünmäge hemme kişi borçludyr. Men onuň
beýikligini näme bilen deňejegimi bilemok. Ýöne adam talantyny, mertebesini,
adamkärçiligini ölçäp biljek zat ýok”.



        Sypyrsam
pikirimiň ähli gabygyn,



        Il-günüň
ýüzüne müýnsiz garasam,



        Magtymgulyň
çaýlar içen çäýnegin



        Ýuwup
süpürmäge hukuk gazansam.



Magtymguly Dünýä, ahlak, ynsan,
gözellik, söýgi hakyndaky gyzyldan gymmatly garaýyşlary bilen türkmen
edebiýatynyň, türkmen pelsepesiniň mazmun taýdan baýlaşmagynda aýratyn orna
eýedir. Türkmeniň akyldar şahyryna goýulýan sarpa ägirt uludyr. Şu ýylda
parasatly şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda
bellenilmäge beýik şahsyýete goýulýan uly sarpadyr.

Taýýarlan:Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň

taryh mugallymy Akmämmedowa Jahanbibi



Paýlaş

Watanym bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman [...]

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40