Ýurdymyzyň ykdysady ösüşleri halkymyzy buýsandyrýar.


Berkarar döwletimiziň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
parasatly baştutanlygynda ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň
halkara abraýy şan-şöhraty barha ýokarlanýar. Häzirki wagta ýurdumyzda asyrlara
barabar işler durmuşa geçirilýär. Bütin dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň
pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýän ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen
dostluk, hoşniyetli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Eziz
diýarymyzyň paýtagty bu gün dost –doganlygyň mekanyna öwrüldi. Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanyň ýokary derejede gülläp ösmegi we özgermegi tutuş milleti
buýsandyrýar.

Häzirki wagtda
durnukly ösüşi gazanmak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ilatymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün
etmäge gönükdirilen belent maksatlar myrat tapýar. Durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmekde gazanylýan üstünlükler bolsa halkymyzyň çekýän halal zähmeti bilen
baglydyr. Durmuşa geçirilýän belent maksatnamalaryň esasynda milli
ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda netijeli işler amal edilýär. Il bähbidine
ýugrulan işler bolsa halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz ata-watanyna
bolan buýsanjyny, söýgüsini pugtalandyrýar. Bedew bady bilen ösýän milli
ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi jemgiýetimiziň hil taýdan täze derejelere
çykmagyny şerlendirýär. Bu bagtyýar zamana diňebir beýik ösüşleri däl, eýsem
halkymyz hakyndaky aladanyň, beýik işleriň 
durmuşa geçirilýän zamanasy hökmünde buýsandyryjydyr. Bu bitirilýän
işler eşretli döwrümizi aýan edip, ösüşlerden-ösüşlere belent sepgitlere tarap öňe
barýan ýurdumyzyň şöhratyny dünýä ýaýýar.

2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly”
bolmagy bilen biz ýaşlara öz başarnygymyza, ukybymyzy, aýdyň görkezmäge uly
mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimize talyp
ýüregimden janlarynyň sag, başlarynyň dik il ýurt bähbitli, bütin adamzat  ähmiýetli tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini
arzuw edýän.

 

Taýýarlan: Balkan welaýat
maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebiniň
maliýe we karz













 hünäriniň 
talyby Ýagmyrow Myratgeldi 

Paýlaş

Watanym bar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40