ÝAŞLAR - WATANYŇ DAÝANJY.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan
Watanymyzda ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim, sport we saglygy goraýyş
ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň 
geljekki eýeleri bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, zähmet
çekmegi, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler
döredilýär. Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary özleri barada edilýän aladany
her ädimde duýup, döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.



2023-nji
ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaşlaryň
göwün guşuny ganatlandyrdy, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bagtyýar
zamanamyzda ýaşlar baradaky alada döwletiň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry
bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň ukyp-başarnygyna,
döredijilik ussatlygyna ýokary baha berýär.



Geçen
2022-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
VII  gurultaýy ýaşlaryň durmuşynda ýatdan
çykmajak wakalaryň biri boldy. Gurultaýa hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagy olaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Arkadagly Serdarymyz
gurultaýda çykyş edip, ýurdumyzyň ýaşlarynyň il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny
berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine uly ynam bildirdi. Şeýle
hem gurultaýda ”Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul
edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi türkmen ýaşlarynyň döwlet tarapyndan uly
goldawa eýedigini görkezýär. 2023-nji ýyl paýtagtymyzda geçirilen Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda kanunyň rejelenen görnüşi bilen
tanyşdyryldy, onda ýaşlar barada edilýän atalyk aladanyň bir näçe subutnamasyny
görmek bolýar.



Ýurdumyzy
batly gadamlar bilen röwşen geljege sary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň,
ýaşlara durmuşda görüm-görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag,
başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!



 



 



Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär



Okuw mekdebiniň I ýyl talyby Täçdurdyýewa Nurjemal

Paýlaş

Watanym bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly [...]

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40