Watan
Watan sende ynsan namysy ary,
Gözümiň göreji garasy- agy,
Sensiň watan ýürekleriň çyragy,
Geçmişim, geljegim sendedir Watan.
Tebigatda nebitiň bar, gazyň bar,
Abraýyň bar, belent şöhrat şanyň bar,
Watany özgerden Arkadagym bar,
Dünýäň genji- käni sendedir Watan
"Watan" diýip urýar her ynsan kalby,
Ýürekleň urgysy Watana bagly,
Ýurdumyz abadan, ilimiz aman,
Ýurt parahat çünki arkamyz dagly.
Tugum sen
Peselme sen, egsilme sen hiç wagt,
Diýarymyň guwanjy sen, tugy sen,
Ýüze sylýar bütin dünýe abraýňy,
Türkmen iliň soňlanmajak nury sen.
Arkadagly iliň mahmal tugy sen.
Aňladyp dur her nyşanyň bir many,
Olar berýär nesle güýji- kuwwaty,
Kuwwatyň artdyrýar baky şöhraty,
Ýurduň mahmal sazy, namys- ary sen.
Türkmen iliň daýanjy sen, Tugy sen.
Parla tugum, parla ýene asmanda,
Dünýäň eşretinden iç ýene ganda,
Ýagşylykda pasyrda goý her ýanda,
Togap etýän geljegim sen nurum sen.
Asmandaky ak guşum sen, tugum sen.
Bedewim
Agramyna altyn berlen,
Halyda şekili görlen,
Ahalteke Hakdan berlen,
Leýli saçly, uz bedewim.
Tagty süleýmandyr üsti,
Edrmendir, mertdir asly,
Kamaty keramat kesbi,
Ertirime saz bedewim
Bahara görk beren baky
Eşretimiz dünýädäki,
Dkimin dur, dur sen baky,
Edermen, batyr bedewim
Watanyň ruhy baýlygy ,
Lälezar döwrüň barlygy,
Eýýamam senli çaglandy,
Rowaçlyga şan bedewim.
Waspnama
GÖROGLY ATAM
Şu gün joşup ýaş köňlümiň töründe,
Orun berdim ylham joşýan köňülde,
Çünki aldym ruhubelent görelde,
Edebim, ekramym Görogly atam.
Türkmeniň abraýyn arşa göteren,
Hem taryhy şu günüme ýetiren,
Watan, il, halk diýip daňyn ataran,
Baýlygym, barlygym Görogly atam
Ähli duşmanyňy eýläp sen berbat,
Berdiň öz Watanyň güýjüne kuwwat,
Seni tanar boldy indi ýedi ýat,
Gujurym, gaýratym Görogly atam
ÝUNESKO- nyň düzmünde berkarar adyň,
Belent hem beýikdir şanyň şöhratyň,
Bilim ojagynda belentdir badyň,
Geçmişim geljegim Görogly atam.
“Watan” - diýip şirin köýdüren,
Peridir - Hüýrlere özün söýdüren
Ýaş nesliň kalbynda buýsanç duýduran,
Syrdam, salyhatly Görogly atam
Agaýunus Kap dagynyň üstünde,
Öwez Weýeňňemda, Hünkar kastyňda,
Namysyň ugrunda ganyň astynda,
Geçirdiň ömrüňi Görogly atam.
Duşmanyň Eýranda, Türkde, Kermanda,
Ýeňňeň arap ilde, Reýhan seýranda,
Seniň aklyň - başyň galdy haýranda,
Gülendam ýat boldy Görogly atam
Barmadyk, görmedik ýerleriň azdyr,
Gezen ýerleň dillerimde owazdyr,
Elleriň dutarly, ýaranyň sazdyr,
Sazdan ylham aldym Görogly atam.
Garaşsyz Türkmenistan
Göbek ganym daman ýerim, diýarym,
Al-elwan Garaşsyz Türkmenistanym.
Rysgalyn eçilen, saýlap- seçilen,
Asuda Garaşsyz Türkmenistanym.
Şat döwri geçmişde arzuwlap gezen,
Sylagly Pyragym her setre ýazan,
Ynamly iliň bar-hak janyn dözen,
Zyýada Garaşsyz Türkmenistanym.
Ter açylan gök bakjaň bar, naryň bar,
Ülklämi jennete öwren halyň bar,
Rysgalyň, ak pagtaň, bugdaý nanyň bar.
Keremlli-Garaşsyz Türkmenistanym.
Mahmal owazyny sazynda jemlän,
Eneler balasyn hüwdiňde hiňlän,
Nanyny, duzuny mukaddes bilýän,
Iliň bar Garaşsyz Türkmenistanym.
Sungadyňy il içinde tanadan,
Türkmen milli ýörelgeden ýöreden,
Arkadaga alkyş eçil ýaradan,
Nurly ýurt - Garaşsyz Türkmenistanym.