Sport

Sagdyn durmuş, sport bilen başlanýar.
Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr. Munuň özi iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalaryň gurulmagy, şeýle-de ekologiýa baradaky aladalarda, köpçülikleýin sport hereketlerini her birimiziň aňymyzda sagdyn-ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.  «Saglygym baş baýlygym» diýen ata-babalarymyz nakyllardyr atalar sözlerinde hem saglygyň gözbaşy hökmünde garapdyrlar. Saglyk bolan ýerde baýlyk boljakdygyna, ähli baýlyklaryň saglyk bilen gazanylýandygyna dogry düşünipdirler.
Saglyk — adamzadyň iň gymmatly baýlygy.
Häzirki wagtda sagdyn durmuşda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin hut Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atalyk aladalar edilýär. Şolaryň  biri hem ýaş nesilleri sporda gönükdirmek, olaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy we berk bedenli bolmagy üçin sportyň dürli görnüşlerinden peýdalanmagy üçin has köp mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýurdumyzda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany gün-günden artýar. Biziň hem orta hünär okuw mekdebimizde talyp ýaşlarynyň sporta has uly üns bermekleri üçin sport çäreleri we bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilip durulýar.  Mekdebiň golaýynda sport desgasy hereket edip, talyplara sport bilen meşgullanmagy, sport ussatlyklaryny görkezmek üçin ähli amatlyklar döredilen. Bu ýerde talyplar okuwlaryndan boş wagtlary sportyň dürli görnüşleri (futbol, basketbol, tennis, türkmen göreşi, sambo, boks we ş.m.) bilen meşgullanyp, bedenlerini berkitýärler. Talyplar geçirilýän ähli sport çärelerine we bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňyn netije görkezýärler. Muňa mysal edip, golaýda şäherimizde talyplaryň we edara - kärhanalaryň arasynda spordyň stol üsti tennis görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde biziň orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar hem-de baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Paýlaş

Sanly bilim

Sagdyn durmuş, sport bilen başlanýar.Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda [...]

Sport

Sagdyn durmuş, sport bilen başlanýar.Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda [...]

Kitaphana

Sagdyn durmuş, sport bilen başlanýar.Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda [...]

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40