Kitaphana

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzda alyp barýan adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň her bir ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ylaýta-da ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýaş nesilleriň, talyplaryň ylymly-bilimli, arassa ahlakly, edepli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, şahyrana döredijilikli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarmaga uly itergi berýär. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde okuw mekdebimiziň  kitahanasynda, kitap tekjelerini bezeýän okuw kitaplaryň we gollanmalaryň, çeper edebiýatlaryň, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerini ürç edip okaýan, olardan bagtyýar ýaşamagyň ýollaryny öwrenýän ýaşlar kämillige sary ynamly gadam urýarlar.
Türkmenistany sanly ulgam esasynda ösdürmek döwlet tarapyndan amala aşyrylyp, ol degişli milli maksatnamalar, döwlet meýilnamalary esasynda durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynyň hem sanly ulgama geçirilmegi ýola goýuldy. Şeýle tagallalaryň netijesinde biziň okuw mekdebimiziň kitaphana tekjelerinde ýaş talyplaryň ylmly-bilimli, ösen tehnologiyalardan baş alyp çykmagy üçin okuw derslerine degişli kitaplar, ylmy makalalar edebiýatlar, çeper eserler Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan atalyk kitaplary hem talyp ýaşlar peýdalanmak üçin hyzmat etýär.
Kitaphana ulgamynyň işlerini döwrebap guramak maksady bilen kitaphanamyzda kitaplaryň elektron görnüşinde hem peýdalanylýar. Olardan, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 144-si, çeper edebiýatlaryň 24-si, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndan 68-si, syýasat  we döwlet kitaplaryndan 14-siniň elektron görnüşinde ýerleşdirlen.

Paýlaş

Sanly bilim

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzda [...]

Sport

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzda [...]

Kitaphana

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzda [...]

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40