Sanly bilim

Ýokary we orta hünär bilim ulgamyna okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak talyplaryň häzirki zamanyň möhüm meselesine-ýaş hünärmenleri sanly ykdysadyýet şertlerinde işlemäge taýýarlamakda möhüm wezipeleriň biridir.
Sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalary ulanmagyň esasynda ýüze çykýan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol sanly we telekommunikasiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýet düşünjesi “elektron ykdysadyýet”, “internet-ykdysadyýet”, “web-ykdysadyýet” adalgalary bilen baglanyşyklydyr.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanylýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagyna, girdejileriň täze çeşmeleriniň ýüze çykarylmagyna şert döredýär. Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli ähmiýete eýedir.
Sanly ykdysadyýet aşakdaky ýaly düzüjini-infrastrukturany, elektron biznesi we elektron telekeçiligi-harytlaryň online-göni aragatnaşyk satuwyny öz içine alýar. 
Sanly ykdysadyýet önümçiligiň möhüm faktorynyň sanly görnüşde berlen maglumatlardan ybarat bolan işidir. Ol, hojalygy dolandyrmagyň adaty görüşi bilen deňeşdirilende, önümçiligiň, tehnologiýalaryň, gurluşlaryň dürli görnüşlerinde, harytlar we hyzmatlar saklanylanda, satylanda, tabşyrylanda we peýdalanylanda netijeliligini, hilini we öndürijiligini düýpli ösdürmäge degişlidigi bilen tapawutlanýar.
Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň esasy şerti sanly maglumat tehnologiýalarynyň ynamdar işlemegidir. Şol sebäpli hem, geljekde sanly ykdysadyýet ulgamynda işlejek ýaş hünärmenler bolan bu günki talyplar maglumat howpsuzlygy taýdan düýpli bilimli bolmalydyr, ýagny maglumatlary üçünji bir tarapyň täsirinden goramagy başarmalydyr.
Maglumat howpsuzlygy-maglumat gatnaşyklarynyň subýektlerine, şol sanda maglumatlaryň eýelerine we ulanyjylaryna zeper ýetirip biljek daşky täsirlerden goraglylygy aňladýar. Beýle täsirler dürli görnüşde bolup bilýär: tötänleýin ýa bilkastlaýyn, tebigy ýa-da emeli häsiýetli. Ykdysady hereketleriň sanly ulgama geçmegi onuň howpsuzlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.
Sanly ykdysadyýet şertlerinde işlejek ýaşlaryň bu babatda bilimleriniň çuňňur hem durnukly bolmagy üçin ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň amalyýetdäki tejribe bilen sazlaşykly alnyp barylmagy derwaýysdyr. Beýleki orta hünär hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, 2020-2021-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen täze ders hökmünde “Sanly ykdysadyýet” dersinden talyplara bilim berilýär. Dersiň esasy maksady talyplara gelejekde ýaş hünärmen hökmünde önümçilikde, tejribede sanly tehnologiýalardan baş alyp çykarmak üçin, onuň ýollaryny we inçe syrlaryny öwretmekden ybaratdyr.  
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ylymly-bilimli bolmaga döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hünär öwrenýän ýaşlar bilim-sowatda, saýlap alan kesbi-kärlerinde ökde hünärmenler bolup, mähriban Watanymyzyň at-abraýyny ýokary galdyrmakda özlerine bildirilýän ynamy, edilýän tamany doly ödärler. Ata Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek üçin ylymly, bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli aladalary edýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan parasatly syýasaty mydama rowaç bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40