Puluň döreýiş taryhy we türkmen milli manady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we ähli watandaşlarymyzy milli manadyň döredilen güni bilen tüýs ýürekden gutlap şeýle diýdi: ”Sizi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwriniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň – manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüys ýürekden gutlaýaryn!” Adamzat jemgyýetiniň taryhy, gazuw – agtaryş işleriniň, ýazgy çeşmeleriniň we ýadygärlikleriniň üsti bilen öwrenilýär. Türkmenistan döwletimiz hem geo – ykdysady ýerleşişi we taryhy beýik ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýändigi sebäpli taryhy ýadygärliklere baý ýurtlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, bu ýadygärlikleriň arasynda pullaryň taryhynyň hem ähmiýetiniň uludygyny görmek mümkindir. Taryhda pullary öwrenýän ylyma Numitiki ylym diýilýär. Puluň özi jemgyýetçilik hadysasydyr. Taryha ser salanymyzda adamlar ikli döwürlerde nagt puly ulanmandyrlar. Sebäbi adamlar öz gerek zatlaryna gerek däl zatlaryny çalşypdyrlar ýagny, alyş – çalyş edipdirler. Soňraky döwirlerde ýagny b.e.ö. 600-nji ýyllarda pullar ýagny altyn – kümüş ýüze çykyp başlapdyr. Ilki bilen gyzyl we kümüş pullar has irki döwürlerde Aziýanyň gadymy şäherleri Lidiýa we Loniýada döräp, olar esasan, ilki bilen esgerlere, rysarlara tölenip başlanypdyr.
Ilkinji walýutanyň kim tarapyndan we nähili döränligi barada anyk maglumatlar heniz alymlar tarapyndan kesgitlenilmedi emma, çaklamalara görä öň Türkiýäniň bir böleginde bolan, häzirki wagtda ýitip giden Lidiýanyň patyşasy Alýattes tarapyndan döredilipdir diýen maglumatlar bar. Iň gadymy teňňeleriň ýüzünde gygyryp duran ýolbarsyň şekilleri şekillendirilipdir. Soňra her ýurduň öz patyşasy gyzyl teňňeleriňýüzüne öz suratlaryny ýerleşdirip başlapdyrlar. Şeýlelik bilen gyzyl teňňeler hem, öz möwritini ýitirip olar 1661-nji ýylda banknotlara öwrülip başlaýar. Pul – döwletde kanuny töleg serişdesi hökminde kabul edilen we dolanşykda duran banknotlar, gazna biletleri we şaý pul görnüşdäki şol sanda gymmat bahaly metallardan ýasalan zatlardyr.
“Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi. 2009-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne bolsa milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Ýagny pul birligimiziň hümmeti artdyryldy.
Puluň hümmeti – bir döwletiň pul birliginiň başga döwletiň pul birliklerinde aňladylýan bahasy. Meselem: 1Euro=1.1629 dollar.
“Manat” sözüniň özi rus «монета» sözünden emele gelip, ol öz gezeginde latynçada «moneta» sözünden «советница», “geňeşçi”, «предостерегающая», “habar berýän” diýmegi aňladýar. Edili şonuň ýaly hem Ýupitera Ýunonyň aýalyny atlandyrypdyrlar. Kapitalda, ol ybadathanalara ýakyn Gadymy Rim aýal hudaýy, “богини” perişdesi, ussalaryň zikgelemi we guýmagy netijesinde metal pullara ýerleşdiripdirler. Şu ýerde hem onuň ady köpçülikleýin Ýewropa dillerine ýaýrapdyr.
Манат (араб. مناة) — gadymy Semit hudaýy. Ähli Araplaryň ýarym adasynda diýen ýaly, aýratynlygy demirgazyk we merkezi ýerlerde Allat we Allanyň gyzy diýmegi aňladýar. Manat ispan dilinden manati, manato sözleri bolup "морская корова" “Deňiz sygyry” diýmegi aňladýar.
Kawkaz sözlerinde manat «бархат», “Mahmal” «дорогое сукно». “Begres ýol” diýmegi aňladýar. Şeýle ady öz çagaňa dakmak bilen ene-ata oňa bagtly durmuşy arzuw edýär. Bu atlar gyzlara dakylýar. Manat – Butparazlyklarda (yslamdan öň) kuraýyşlaryň aýal hudaýy.
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby Baýramdurdyýewa Ogulgerek