Watanymyz –parahatçylyk söýüji ýurt
Türkmen halkynyň aňyrdan gelýän ylalaşykly hoşniýetlilik häsiýetleri onuň ganynya siňendir. Biziň watanymyzyň içerki we daşarky syýasaty hem türkmen halkynyň şol asylly häsiýetlerine, taryhy ýörelgelerine, öňden gelýän däp-dessurlaryna esaslanýar. Ýurtda parahatçylyk höküm sürse, iller agzybir bolýar, bagtyýar bolýar. Şol ýurt rowaçlyklaryň, üstünlikleriň ýurduna öwrülýär. Hakykatdan hem Türkmenistan rowaçlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Diýarymyz parahatçylyk söýüji, parahatçylygy ündeýän ýurt höküminde älemde tanalýar. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Pezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly möçberli işler, giň göwrümli çäreler dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Biziň ýöredýän parahatsöýüjilikli syýasatymyz bizi baky Bitarap döwlet etdi. Baky Bitaraplyk derejesi halkymyzyň beýik buýsanjydyr, hemişe parahat ýaşamagymyzyň kepilidir. Watanymyz parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde dünýäniň uly we abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýlelik-de biziň Watanymyz milli ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyga eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere bakan ynamly gadam basýar. "Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylymyza hem şanly ösüşler, belent özgerişler bezeg berdi. Bu ýöne ýerden däl. Mähriban Diýarymyzyň ýöredýän syýasaty "Döwlet adam üçindir!" diýen baş şygara, esasy ýörelgä esaslanýar. Hemişelik Bitapaplyk syýasatyny ýöredýän, demokratik we dünýewi döwlet hökmünde ykrar edilen Watanymyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar oňyn özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýänliginiň güwäsidir.
Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan, öz halkynyň saglygy, eşretli durmuşy barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslensin!
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Goçumowa Gülbahar.