Maglumat tehnologiýalary- biziň durmuşymyzda


Maglumat tehnologiýa - bu söz bize köpden bäri tanyş. Häzirki zaman adamzat durmuşyny  maglumat tehnologiýasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ählisi bularyň üsti bilen beýan edilýär. Maglumat tehnologiýasy diýilende ýagny  maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak we ýaýratmak üçin ulanylýan serişdeleriň toplumydyr. Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek  we bu ugurda uly ösüşleri gazanmak üçin häzirki wagtda köp çäreler durmuşa geçirilýär. 
Häzirki wagtda Türkmenistanda maglumat üpjünçiliginiň ösüşi ýokarlanýar. Islendik edara – kärhanalary alyp görsek kompýuter tehnikalary bilen üpjin edilen bolup, olarda awtomatizirlenen iş ýerleri, tor hyzmatlary we beýleki köp sanly aragatnaşyk  maglumat kommunikasion ulgamlar bilen gurşalan.
Biziň Balkan welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebimiziň talyplaryny hem multimediýa serişdeleriniň üsti bilen sapaklaryny gyzykly geçirmek, ýüze çykýan naýbaşy tehnologiýalardan peýdalanyp hünärlerini artdyrmak, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan il – ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli işleri ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligini  barha ýeňilleşdirilýär.
Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli parasatlary bütin dünýäde goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzda ylym bilimi ösdürmage giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nyýazberdiýewa Dürnabat.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40