Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Balkan welaýat maliýe-ykdysdy orta hünär okuw mekdebinde 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu gymmatly eser hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna eden sowgadydyr.
Şäheriň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda geçirilen dabara Serdar şäher Demokratik Partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň işgärleri hem-de okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we talyp ýaşlary gatnaşdylar .
Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.