Zenan ojagyň başy


“Zenan ojagyň başy” atly okuw terbiýeçilik sapagy


Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8-ne, mekdebiň zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Zenan ojagyň  başy” ady bilen talyp gyzlaryň arasynda terýiçilik  sapagy geçirildi. Terbiýeçilik sapagynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly atalyk kitaplaryndan ugur alyndy. Bu ajaýyp eserler ýaşlary  watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli mirasymyza hormat goýmaga, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukadesligi, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek boýunça nesihat berýän ajaýyp eserleriň biridigi nygtap geçildi. Talyp ýaşlar terbiýeçilik sapagynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň bu kitaplaryndan çykyş etdiler we Hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp, ýol görkeziji kitaplary okamak üçin mümkünçilik döretýändigi sebäpli minnetdarlyklaryny beýan etdiler. Maslahatyň dowamynda mekdebiň halypa mugallym zenanlary ýaşlara öwüt ündew bermek bilen, olaryň ukyp başarnyklaryny görkezip, Ýurdumyzyň at abraýyny mundan beýläk hem has-da belende galdyrmak üçin goşant goşmaklaryny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40