Arkadagly döwürde bagtyýar zenanlar


Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-ne, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat we etrap, şäher bölümleri tarapyndan "Arkadagly döwürde bagtyýar zenenlar" ady bilen maslahat geçirildi. Bilelikde geçirilen bu maslahat esasan hem çaga terbiýesine bagyşlandy. Ýurdumyzda çaga terbiýesiniň baş taglymata öwrülýän döwründe milli edep-ekramyň inçe ýollary, usul – tärleri hakynda gürrüň etmegiň sogaby uludyr. Ähli ýaşda-da ynsany edep bezeýär. Oguz atamyzyň döwründe türkmen topragyna gadam basan Gerodat grek alymy halkymyzyň çaga terbiýesiniň aýratynlyklary barada täsin maglumatlary galdyrypdyr. Sebäbi türkmen halky edep terbiýäni iň eziz zady bolan  perzentleri bilen bir terezä salmagy başarypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary bize işimizde, şeýle-de çaga terbiýesinde  hem ýan kitabymyza öwrüldi. Bu işlerde milli Liderimiziň özi hem nusgalyk görelde görkezýär. Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň döwletlilik ýörelgesi" atly kitaby nesillere terbiýe bermekde ygtybarly çeşmedir. Bu kitapda, ösüp gelýän ýaş nesle zähmet terbiýesi ündelýär. Kitapda "Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy" atly bölüm ýerleşdirilen. Adamda iň gowy gylyk – häsiýetleriň kemala gelýän tejribe mekdebi- zähmet terbiýesidir.
Halkymyzyň baý tejribelik mirasynda – pederlerimiziň terbiýe babatyndaky asylly däp – dessurlary, milli häsiýetleri, ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Ol ýörelgeler umumy adamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşyp, terbiýe bermegiň dürli görnüşlerini hem öz içine alýar.
Ene – terbiýeçi we mugallymdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesine we ähli enelerimize bolan beýik söýgüsinden kemal tapan "Enä tagzym – mukaddeslige tagzym" atly dürdäne eseri hem tutuşlugyna ene söýgüsine bagyşlanylýar.
Milli Liderimiz mährem enelerimiz hakda şeýle nygtap geçýär. "Ene kalbynyň päkligi mähremligi biziň Dünýämizi, ýurdumyzy, ojagymyzy nurlandyrýar. Şoňä görä-de mukaddeslik hökmünde hormatlap, biz eziz enelermizi käbä deňeýäris" Adam diňe aklyna, bilimine we başarnygyna daýanyp, yzygider öz – özüni kämilleşdirip ýaşamalydyr. Ol ähli hereketlerinde öz güýjine ynanmalydyr. Öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin zähmetden başga  ynam hem zerurdyr. Ynam üstünlige barýan ýoluň hem iň bir ähmiýetli basgançagydyr.
Zähmetsiz hiç zat gazanylmaýar. Irginisiz zähmet kämillige golaýlaşmagyň ykrar edilen ülňüsidir.
"Arkadagly döwürde bagtly zenanlar" ady bilen geçirilen bu  maslahatda halypa mugallymlar, il ýaşululary, orta hünär okuw  mekdebimiziň talyplary hem çykyş etdiler. Çykyşlaryň ählisi edep – terbiýeli kämil nesilleriň kemala gelmegi barada, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky  edep terbiýe ündeýän rowaýatlardan, pähimlerden ybarat bolup täsirli geçdi. Maslahatyň dowamy Serdar şäheriniň medeniýet işgärleriniň, aýdymçylarynyň şowhunly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.
Ýaşlary mähir bilen terbiýelap, gelejekde jemgyýete mynasyp, watansöýüji, Gahryman Arkadagymyza wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtdan paýly ogul gyzlary ýetişdirip, il hataryna goşmak bagty biziň her birimize nesip etsin. Milli liderimiziň ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ukyplarynyň we zehinleriniň doly açylmagy, ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli bolmagy ugrunda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Taýýarlan  Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň m mugallymy:  Kerwenowa Ogulsuraý

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40