Garaşsyz Türkmenistana 30 ýyl
“Garaşsyz Türkmenistana 30 ýyl” ady bilen maslahat geçirildi
24-nji sentýabrda Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybnetli “Garaşsyz Türkmenistana 30 ýyl” ady bilen ylmy - amaly maslahat geçirildi. Maslahatda talyp ýaşlar Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlan goşgulary, wideo şekilleri we makalalary bilen çykyş etdiler.
Ösüşiň täze belentliklerine barýan Türkmen halkymyzyň her bir güni toýdyr- baýramlara beslenýär. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmen halkymyz bu günler Şanly Garaşsyzlygynyň - 30 ýyllyk baýramçylygyny uly buýsanç bilen belläp geçýär. Sanaýmaly wagtyň içinde Türkmenistan döwleti has uly sepgitlere, belent derejelere ýetdi. Ykdysadyýetde,syýasatda, bilim ulgamynda uly öňe gidişlikler gazandy.
Maslahatyň, dowmynda halypa mugallymlar talyp ýaşlary taýýarlan çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip olary we hormatly Prezidentimizi Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli mähirli gutlag sözlerini beýan etdiler.
Goý, Garaşsyz türkmen halky mundan beýläk hem güllesin gül açsyn. Ýaşlar üçin şeýle aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, Onuň tutýan tutumly işleri rowaç alsyn. Baýramyňyz gutly bolsun türkmen halkymyz.
Taýýarlan: okuw bölümini hünärmeni Dursuntagan Çeperalyýewa.