Biziň talyplarymyzyň üstünligi
Ýaňy ýakynda ýurdumyzda “Berkarar Döwletiň ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Şol bäsleşige biziň hem orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýi tapgyrynda Balkan welaýat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň “Ykdysadyýet we meýilnalaşdyryş hünäriniň I ýyl talyby Babaýewa Suraý bäsleşikde ýeňiji boldy. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar biziň geljegimizdir. Olar üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys” diýip belläp geçýär. Bu günki talyplar – ertirki ykdysatçylar, bilermenler, senagatçylar, mugallymlar we lukmanlardyr. Şol sebäpli hem bu gün ýaşlarymyzyň her bir ýerine ýetirýän ýönekeýje işi hem bizi diýseň buýsandyrýar, begendirýär. Watanymyzyň kuwwatlylygy ýaşlarymyzyň başarjaňlygy bilen deňelýär.
Soňky döwürlerde biziň ýaşlarymyz Halkara derejesindäki bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, örän oňat netijeler gazandylar. Biziň orta hünär okuw mekdebimiziň geljekki ykdysatçylary hem diňe ykdysady ugurlardan däl-de, eýsem Döwlet derejesinde geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine hem gatnaşyp örän oňat netijeler görkezmekligi başardy. Munuň şeýledigine ýaňy ýakynda geçirilen 2021 – nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany” ýyly diýilip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Parahatçylyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany” atly geçirilen ьdöredijilik bäsleşiginde biziň orta hünär okuw mekdebimiziň II ýyl talyby Nuryýewa Söýli ýeňiji boldy we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglandy. Mundan başga-da mekdebimiziň I ýyl talyby Babaýewa Suraý Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Şygyryýetiň bilbili” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen “Berkarar döwletiň - ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolup Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Görşümiz ýaly talyp ýaşlar diňe bir öz saýlan hünär ugurlaryndan däl-de, eýsem birnäçe ugurlardan hem öz ussat başarnyklaryny görkezmekligi başarýarlar. Mekdebimiziň talyplarynyň döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp görkezen ussatlygy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde mekdebimiziň talyby Suraý Babaýewa ýaş dörediji we ykdysatçy talyp diýsek hem ýalňyşmarys. Biz hem bilim işgärleri hökmünde talyp ýaşlarymyzyň üstünlikleriniň dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw edýäris. Olaryň ýurdumyzyň gelejegi üçin alyp barýan işleriniň has-da belent sepgitlere ýetjekdigine ynanýarys.