Wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi

28-nji iyunda Balkan welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Serdar etrap prokuraturasynyň, Serdar şäher polisiýa bölüminiň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berk berjaý etmek barada wagyz - nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnakda Serdar şäheriniň polisiýa bölüminiň işgärleri we Serdar etrap prokuraturasynyň işgärleri çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda esasan hem „Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny“  durmuşa geçirmek boýunça alynyp barylýan işler barada gürrüň edildi.
Berkarar dowletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp baryan adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzda her bir ulgamda uly ösüşler gazanylýar. Ylaýta-da, bilim ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler talyp ýaşlar üçin ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýiji, ilhalar, Watana wepaly, dünýädäki iň ösen tehnologiýalardan baş alyp çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli sagdyn ruhly kemala gelmegi üçin birnäçe aladalar yzy üzülmezden dowam etdirilýär. 
Bu günki talyp - ertirki hünärmen bolşy ýaly biz bu gün ertirki hünärmenleriň işine ezber, ussat, başarjaň, sanly tehnologiýalardan peýdalanmagy baş alyp çykarýan hünärmenleri ýetişdirmelidiris. Jemgyýetiň ösüşlerine goşant goşmaga gönükdirilen syýasy we ykdysady ugurlarda ýaşlara bilim bermegiň täze ülňülerine esaslanýar.
Ýaş nesillere edil ylym-bilimiň zerur bolşy ýaly, edep terbiýe bermek hem esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. L.N.Tolstoýyň belleýşi ýaly: „Terbiýe hem bilim bermek biri–biri bilen aýrylmazdyr. Bilim bermän terbiýe bermek bolmaz, islendik bilimiň bolsa terbiýeleýjilik ähmiýeti bardyr“. Talyplaryň terbiýesi okuwyň bütin dowamynda yzy üzülmesiz alnyp barylýar. Bu işe örän köp adam (terbiýeçilik işleri boýunça direktoryň orunbasary, toparyň halypa mugallymy, ders mugallymlar, ata-eneler) gatnaşýan hem bolsa, terbiýeçilik işinde esasy wezipe toparyň halypa mugallymyna degişlidir. Ol toparyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar, her bir talybyň şahsy aýratynlygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, talyplaryň dürli ugurly ösüşine şert döredýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40