“Bilim-bagtyň çyragy” atly bäsleşik geçirildi.

   “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly
at-myradyn mekany” ýylynda ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar baradaky
alada Hormatly  Prezidentimiziň alyp
barýan döwlet syýasatynyň esasy we aýrylmaz bölegidir.  Ýaşlarmyzyň zähmetsöýerlik, halallyk, myhmansöýerlik,
başarjaňlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik ýaly  häsiýetlere berýan ähmiyeti, şol häsiýetleriň  nesilden-nesle  geçirilmegi dogrusynda yzygiderli tagallalary
edýän  Gahryman  Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň
döreden eserlerinde beýan  edilýän
düşünjeleriň many-mazmunyny öwretmek, maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda
medeni çäreleri we bäsleşikleri geçirilýär. Şol bäsleşikleriň biri şu ýylyň
fewral aýynyň 27-ne Balkanabat şäheriniň Balkan welaýat kitaphanasynda
“Bilim-bagtyň çyragy” ady bilen geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýat ýörite
sungat mekdebinden, “Türkmennebit” döwlet konseriniň Balkanabat nebitçilik orta
hünär okuw mekdebinden, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinden, Balkan
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinden  alty sany talyplar gatnaşdylar. Bu bäsleşikde
Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Magtymguly-dünýäniň akyldary”,
“Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaplaryndan
hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döran “Atda wepa-da bar
sapa-da”, “Ahal-teke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly
kitaplaryndan soraglara anyk  jogap
bermek şerti bellendi.



Bäsleşikde ýeňijilere I-II we III
hormatly orunlar bellenildi.  Berlen
jogaby dogrulygy ýada nädogrylygy eminler topary tarapyndan kesgitlenildi.
Bäsleşigiň emin agzalary Balkan welaýat kitaphanasynyň işgarleri we
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
wekillerinden ybarat boldy.



Bu bäsleşikde biziň orta hünär
okuw mekdebimiziň talyplary hem üstünlikli çykyş edip hormatly III- orna
mynasyp boldular.



Bäsleşikde ýeňiji bolan
toparlara, höweslendiriji baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan
ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary
gowşuryldy.

Taýýalan: mekdebiň taryh mugallymy Akmämmedowa J

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40