Zenanlaryň baýramy-bagtyýarlyk baýramy
Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany ýylymyzda gül-lälelere
beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar
güni- 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyn kalbyny heýjana salýar. Asylly türkmen
zenanlary taryhyň islendik döwürlerinde maşgala ojagynyň sarsmaz sütüni,
edep-terbiýe, ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy şeýle hem öýüň nury, ýaraşygy
bolupdyr. Olar tebigatyň adamzada bagyş eden iň asylly häsiýetlerini özünde jemläp, ony eýýamlardan
– eýýamlara geçirýärler.
Şeýle hem
Diýarymyzyň çar künjeginde bu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler
barha dabaralanýar. Edil şonuň ýaly biziň
hem okuw jaýymyzda baýramçylyk mynasybetli çäreler geçirildi we talyp gelin –
gyzlarymyza Hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary gowşuryldy. Döwlet
derejesinde edilýän şeýle tagallalar mährem enelerimiziň, mähriban
gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini has-da joşdurdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olary “Zenan kalby “ ordeni
bilen sylaglap, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere “Ene mähri
“ diýen hormatly atlar dakylýar. Biz hem öz gezegimizde şu pursatdan peýdalanyp
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza mähem enelerimize,
gelin-gyzlarymya goýýan uly hormaty,
sarpasy üçin sag bolsun aýdýarys. Goý olaryň jany sag, ömri
uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin