Sanly ykdysadyýet boýunça ders bäsleşigi geçirildi.
Aşgabadyň maliýe -ykdysady orta hünär mekdebi Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet ugurly orta
hünär mekdepleriniň talyplary üçin “sanly ykdysadyýet” dersinden ders bäsleşigi geçirdi. Bu çäre "Garaşsyz baky
Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany" şygary astynda Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemek üçin geçirildi. Bäsleşik
Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen guraldy. Bäsleşikde Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebiniň talyplary Göwher Gurbanowa we Zyba Gurbanowa II orna, Nowçagül Aşyrowa III orna mynasyp boldular. Ýeňijilere degişli derejeleriniň diplomlary we
guramaçylyk toparyndan ýadygärlik
sowgatlary gowşuryldy. Talyplary ders bäsleşigine oňat taýýarlandyklary üçin
orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryna
minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Bäsleşik ýokary
zehinli, ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we sylaglamak, ýaşlary
ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, nazary bilimlerini ýokarlandyrmak hem-de
amaly başarnyklaryny ösdürmek we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen
geçirildi.
Taýýarlan: D.Durdyýewa