Ösüşleri nazarlap...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýyllarymyz ösüşlere, üstünliklere beslenýär. Biz ony bedew badyna deňeýäris, üstümizdäki ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ýyly diýlip atlandyrylmagy täze taryhy döwürde ýurdumyzy mundan beýläk ösdürmek maksadyny öz içine alýar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan häzirki döwürde sözi diňlenýän, pikirine hormat goýulýan, dünýä ähmiýetli çözgüt kabul edilende, garaýyşy nazara alynýan döwlete öwrüldi. Bütindünýä parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde belent sepgitlere ýetýär. Bedew batly döwletimiz ähli alyp barýan işinde parahatçylygy iň esasy orunda goýmak bilen ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edýär. Hormatly Arkadagymyz ,,Bedew batly wakalar döwrüň beýik sepgitleriniň durmuş hakykatynyň aýdyň subutnamalarydyr. Taryhyň gatlaklaryndaky ýazgylar ahalteke bedewleriniň türkmen durmuşyndaky ornuna täsin galyjylyk bilen baha bermäge mümkinçilik döredýär” diýip bellemeginiň uly manysy bardyr. Döwletimiziň hemme pudaklarynda bolşy ýaly bilim pudagynda hem uly özgerişlere, ösüşlere giň ýol açylýar. Ýaşlara bilim bermek, ylym öwretmek işini kämilleşdirmekde okatmagyň häzirki zaman mümkinçilikleri, tejribeleri giňişleýin ornaşdyrylýar. Şonuň üçin ýaşlara döwrebap tehnologiýalara degişli hünärler öwredilýär. Türkmenistanyň ykdysady ugrunda hem tehnologiýalardan başarjaň peýdalanmagyna has uly üns berilýär. Biziň
Balkan welaýat maliýe- ykdysady orta hünär okuw mekdebimiziň okuw sapaklarynda ösen tehnologiýalardan peýdalanyp işlemegi öwredilýär. Bu işler özüniň oňat netijelerini hem berýär. Şeýlelikde geljekki hünärmenleriň öz ugrundan iş ýerlerinde uly üstünliklere eýe boljakdygy şübhesizdir. Täze ruhda, täze güýç bilen başlan ,,Garaşsyz baky
Bitarap Türkmenistan bedew batly at- myradyň mekany” ýylymyz uly üstünlikli,
at-abraýly, agzybir halkymyz üçin şanly-şöhratly ýyl bolmagyny arzuw edýäris.
Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, il bähbitli
işleri hemişe rowaç bolsun!
Bitarap Türkmenistan bedew batly at- myradyň mekany” ýylymyz uly üstünlikli, at-abraýly, agzybir halkymyz üçin şanly-şöhratly ýyl bolmagyny arzuw edýäris. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, il bähbitli
işleri hemişe rowaç bolsun!
Taýýarlan:Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hnär okuw mekdebiniň taryh mugallymy Akmammedowa Jahanbibi