“Arkadag” futbol ýygyndysy¬- Türkmen halkynyň buýsanjy

Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyn mekany” ýylynyň ilkinji
günlerinden başlap, ata watanymyz ähli ulgamlarda uly üstünliklere besleýär.
Şeýle üstunlikleriň biri hem sport ulgamynda türkmen halkyny buýsandyryjy waka
bosagada dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy
bilen döredilen “Arkadag” futbol ýygyndysy Aziýanyň Futbol Konfederasyýasynyň
guramagynda geçirilýän çempiýonlar ligasynda 
Saud Arabystanyň “Al-Nassr” ýygyndysy bilen 1/8 finalynda duşuşyar. 
Saud Arabystanyň 
“Al-Nassr” komandasynyň düzüminde dünyä belli türgenleriň çykyş etmegi,
esasanda, bäş “altyn topuň” eýesi Portugaliýaly Kristiano Ronaldonyň oýnamagy
we Sadio Mane, Žoa Feliks, Kingsli Koman yaly ezber türgenleriň bardygy futbol
janköýerleriň ünsüni özüne çekyär. Bu duşuşyk 168 döwletiň teleýaýlymlarynda
görkeziljekdigi mälim edildi. Petekler satuwa çykyp başlanyndan dessine
gutardy. Gözel paýtagtymyzda dürli sport nokatlary döredildi. Ýagny, bu duşuşyk
bütin Dünýä janköýerleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem talyplaryň arsynda uly
gyzyklanma bildirdi. Ýaşlaryň arasynda sporta bolan söýgüni, futbola bolan
höwesi has-da artdyrdy.        
Şeýle taryhy 
duşuşygyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi biziň ählimizi buýsandyrdy. Şoňa
görä-de her birimiz Gahryman
  Arkadagymyz
tarapynda
  esaslandyrylan  “Arkadag” futbol toparyna uly üstünlik arzuw
edýäris. 

Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymy R.Nuryýew



Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40