Bilim ojagymyzda ýaş nesilleriň, aýratyn-da, talyp gyz-gelinlerimiziň edep-terbiýesini kämilleşdirmek, halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän milli däp-dessurlaryny dabaralandyrmak maksady bilen mekdebiň ilkinji Zenanlar guramasynyň, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde taýýarlamagynda "Zenan edebi-gyzyl gül" atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, ulyny sylamak we edep kadalary, gyzlaryň hünär öwrenmegi, milli el işleriň we döwrebap bilimiň utgaşmagyny, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesiniň jemgyýetimizdäki orny barada gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.