Elektron innowasiýalar asyrynda talyplary okatmagyň döwrebap usullary

XXI asyr — elektron innowasiýalaryň, ýokary tizlikli maglumat alyş-çalşygyň,
intellektual ulgamlaryň we sanly bilim serişdeleriniň döwrüdir. Täze asyryň bu
aýratynlygy her bir jemgyýetiň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Şol
mümkinçilikleriň iň ähmiýetlisi bolsa — bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş
nesli döwriň talaplaryna laýyk başarnykly, döredijilikli we innowasion
düşünjeli şahsyýet hökmünde kemala getirmekdir. 
 Täze asyryň bu aýratynlygy her bir jemgyýetiň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Şol mümkinçilikleriň iň ähmiýetlisi bolsa — bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesli döwriň talaplaryna laýyk başarnykly, döredijilikli we innowasion düşünjeli şahsyýet hökmünde kemala getirmekdir. Bilim ulgamynyň esasyny düzüp, jemgyýetiň geljegine  ýol salýan mugallymlar we halypalar häzirki döwürde öňkülerden tapawutlylykda, täze usullary özleşdirmäge borçludyrlar. Olar diňe maglumat beriji däl-de, eýsem döredijiligi, gözleg işini, tejribe geçirmegi höweslendiriji ýolbeletler bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, talyplary okatmagyň innowasion usullary häzirki zaman pedagogikasynyň esasy ugry hökmünde çykyş edýär.
Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
Elektron innowasiýalar asyrynda okatmak diňe sapakda  geçirilýän leksiýa bilen çäklenmeýär. Sanly platformalar,
wirtual sapaklar, interaktiw programma üpjünçiligi,  elektron kitaphanalar we onlaýn okuw
mümkinçilikleri — bular 
wirtual sapaklar, interaktiw programma üpjünçiligi,  elektron kitaphanalar we onlaýn okuw mümkinçilikleri — bular hemmesi häzirki döwrüň täze öwreniş serişdeleridir. Bu serişdeleriň peýdasy şulardan ybarat: talyp maglumatlary diňe diňleýän däl, eýsem olary özbaşdak gözleýän, analiz edýän we netijä gelýän şahsa öwrülýär. Şeýlelikde, döredijilikli pikirlenme, analitik garaýyş we özüni ösüşe gönükdirmek endikleri ösdürilýär. Okatmagyň täzeçil usullarynyň arasynda aşakdakylary aýratyn belläp bolar:
Proýektleşdirilen okuw usuly – talyplar
toparlaýyn ýa-da şahsy taslamalar taýýarlap, öz ylmy-döredijilik ukyplaryny
görkezýärler. Olar
 toparlaýyn ýa-da şahsy taslamalar taýýarlap, öz ylmy-döredijilik ukyplaryny görkezýärler.
Interaktiw okuw usuly – sapaga gatnaşygyň ýokary
bolmagyny üpjün edip, mugallym bilen talyp arasynda iki taraplaýyn gatnaşygy
döredýär.

Blended learning (garyşyk okuw) – adaty
sapak bilen onlaýn okuw birleşdirilip, wagtyň netijeli ulanylmagyny üpjün
edýär.

Gamifikasiýa (oýun arkaly öwreniş) – oýun
elementleriniň sapaklara goşulmagy arkaly höweslendiriş we gatnaşma derejesi
artýar.

Mesele çözmek okuw usuly – talyba mesele goýulýar, ol bolsa çözgüdi özbaşdak
tapýar; netijede logiki pikirlenme ösdürilýär. 

Okatmagyň täze usullarynda halypanyň orny
Täzeçil usullaryň üstünlikli amala aşyrylmagy mugallymyň
tälim beriş ukybyna, sanly düşünjesine we pedagogik täzeliklere açyk garaýşyna
baglydyr. Halypa diňe bilim beriji däl-de, ýol görkeziji, ruhlandyryjy, täzeçil
pikirlenmäni höweslendiriji şahs bolmaly
Bilim beriş prosesinde talyp bilen mugallymyň hyzmatdaşlygy, ynamly gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir. Şol ýagdaýda talyp öz döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykaryp, özgertmelere taýýar şahsa öwrülýär. Elektron innowasiýalaryň asyrynda bilim bermek diňe täze gurallary ulanmak bilen çäklenmän, eýsem täze pikirlenme filosofiýasyny ornaşdyrmakdyr. Täzelçil usullaryň kömegi bilen bilim beriş prosesine jan girýär, mugallym bilen
talyp arasynda döredijilikli gatnaşyk emele gelýär.

Şeýlelikde, täze asyryň mugallymy sanly serişdeleri oýlanyşykly ulanýan, täze asyryň talyby bolsa öz ösüş ýoluny innowasiýalaryň kömegi bilen tapan şahs bolmalydyr. Bilim we döredijilik – döwri öňe sürýän güýçleriň iň önde barýanlarydyr.
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň
hünärmeni Durdyýewa Dursuntagan




















Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40