BALKAN WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI TALYPLYGA KABUL ETÝAR
BALKAN WELAÝAT
MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw
ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1.Buhgalterçilik hasaba
alnyşy.
2.Maliýe we karz.
3.Ykdysadyýet we
meýilnamalaşdyryş.
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebine Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes
bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary
giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Balkan welaýatynyň Gyzylarbat
şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul
edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň
sanawy:
— bellenilen nusgada
direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky
sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama
(asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk
kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden
(işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça
okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz
sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet
depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
—okuw dersleri boýunça
mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine
gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan
degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa
girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde
resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny
tabşyrýarlar:
—pasportyny;
— harby şahadatnamasyny
ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we
(ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny
tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar
we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa
kabul edilmek Balkan
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Gyzylarbat şäheri) 2025-nji
ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika,
Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.
Okuw
dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş
synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip
bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky
synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan
üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin
artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen
görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Balkan welaýat
maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Balkan welaýaty, Gyzylarbat
ş.,
Döwletmämmet Azady köçesi,
1 ”ç” jaý,
tel.: 5-14-44, 5-14-40,
5-14-39.
Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti
12.07.2025 № 172-176