Watanymyz –parahatçylyk söýüji ýurt.
Türkmen halkynyň aňyrdan gelýän
ylalaşykly hoşniýetlilik häsiýetleri
onuň ganyna siňendir. Biziň Watanymyzyň
içerki we daşarky syýasaty hem türkmen halkynyň şol asylly häsiýetlerine, taryhy
ýörelgelerine, öňden gelýän däp-dessurlaryna esaslanýar. Ýurtda parahatçylyk
höküm sürse, iller agzybir bolýar, bagtyýar bolýar. Şol ýurt rowaçlyklaryň, üstünlikleriň
ýurduna öwrülýär. Hakykatdan hem Türkmenistan rowaçlygyň, arzuwlaryň hasyl
bolýan ýurduna öwrüldi. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Diýarymyz
parahatçylyk söýüji, parahatçylygy ündeýän ýurt höküminde älemde tanalýar. Garaşsyz baky
Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň
ýolbaşçylygynda uly möçberli işler, giň göwrümli çäreler dünýä
jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Biziň ýöredýän parahatsöýüjilikli
syýasatymyz bizi baky Bitarap döwlet etdi. Baky Bitaraplyk derejesi halkymyzyň
beýik buýsanjydyr, hemişe parahat ýaşamagymyzyň kepilidir. Watanymyz parahatçylygy,
howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde dünýäniň uly we abraýly guramasy bolan
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýlelik-de biziň
Watanymyz milli ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyga eýe boldy.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere
bakan ynamly gadam basýar. ”Türkmenistan halkara - parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany” ýylymyza hem şanly ösüşler, belent özgerişler bezeg
berdi. Bu ýöne ýerden däl. Mähriban Diýarymyzyň ýöredýän syýasaty “Döwlet adam
üçindir!” diýen baş şygara, esasy ýörelgä esaslanýar. Hemişelik Bitaraplyk
syýasatyny ýöredýän, demokratik we dünýewi döwlet hökmünde ykrar edilen
Watanymyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar,
oňyn özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýänliginiň
güwäsidir.
Halkymyzy beýik
işlere ruhlandyrýan, öz halkynyň saglygy, eşretli durmuşy barada ýadawsyz alada
edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, durmuşa geçirýän
beýik işleri üstünliklere beslensin!
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Goçumowa Gülbahar.