“Talyp gözeli-2025” bäsleşigi geçirildi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly
başlangyçlarda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp,
Arkadag Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň aýratynda ýaş
nesillerimiziň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent
maksatlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň "Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň
ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup
ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet
çekjekdiklerine pugta ynanýaryn" diýen sözlerini belent wezipe edinip, Halkara Zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny,
ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň
milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini,
edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen Balkan welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekebinde talyp gyzlarynyň
arasynda "Talyp gözeli-2025" atly gözellik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşikde mekdebiň jemi alty sany talyp
gözelleri öz iş başarjaňlygyny we ukyp- başarnyklaryny, el hünärlerini
görkezdiler. Bäsleşikde mekdebiň maliýe
we karz hünäriniň I ýyl talyby Jallykowa
Şasenem Rahmanberdi gyzy I orna mynasyp boldy. Bäsleşikde I, II III
orunlary alan talyp gözellere TMÝG-nyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar
gowşuryldy.