Talyplar tejribede taplanýarlar.

Balkan welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebimizde nazary bilimler bilen bilelikde ykdysady we hünär 
tejribeligi  “maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň
okuw meýilnamasy esasynda talabalaýyk alnyp barylýar. “Türkmenistanyň
 ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň
talyplarynyň
  önümçilikde hünär öwreniş
işi hakyndaky” Düzgünnama esasynda, II ýylyň talyplary
 bilim alýan ugurlaryna laýyklykda edara-kärhanalara
hat alyşmagyň netijesinde hünär tejribeligini geçmek üçin degişli
edara-kärhanalara
  ýollandylar. Talyp
ýaşlar nazaryýetde alan
  bilimlerini  berkitmek maksady bilen, öwrenilen
maglumatlary iş tejribesinde amal etmek üçin
 2024-2025-nji okuw ýylynyň gyşky hasap-synag
möwsümini oňyn bahalar bilen jemlän talyplar häzirki wagtda
 öz ugurlary boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar
aýynyň 26-dan, mart aýynyň
  1-i aralygynda  bellenen edara-karhanalarda hünär
tejribeligini geçýärler.
 Bu hünär
tejribeliginde talyplar
  diňe bir maglumat
toplamak bilen çäklenmän eýsem, ykdysadyýetde, senagatda, banklarda
  we oba hojalygynda  iş tejribesiniň alnyp barlyşyna,  kärhanalarda hereket edýän bölümleriň  işleri, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi barada tejribe
ýüzünde tanyş bolýarlar hem-de öwrenýärler. Tejribelikleriň talabalaýyk
geçilmegi üçin edara-kärhanalarda ähli mümkinçilikler döredilipdir. Talyp
ýaşlaryň hünär tejribelikleriniň geçirilişine mekdebiň önümçilik tejribe
ýolbaşçysy, şeýle hem hünär tejribeligi üçin ýörite berkidilen mugallymlar
tarapyndan
 gözegçilik edilýär. Talyp
ýaşlar tejribelik döwründe edara-kärhanalaryň önümçiligine ornaşdyrylan täze
tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
     Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe
 Hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde talyp ýaşlara hünär öwrenmek,
bilim almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
   Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halky maslahatynyň başlygy, Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy
bildirýäris.
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň önümçilik tejribe ýolbaşçysy Ýusupow Amanmuhammet


Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40