Ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly ady bilen geçirildi.

Gyşky dynç alyş möwsüminiň
tamamlanmagy 
bilen 2025-nji ýylyň 27-nji
ýanwarynda Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde
2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarymynyň ilkinji okuw sapagy “
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
ady bilen geçirildi.
                                                                                                                                         Okuw mekdebiniň mugallymlary
ilkinji okuw sapagyna öňünden taýýarlanyp, sapagyň many-mazmuny dogrusynda “
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
nyşanynyň Konseptual beýanaty dogrusynda gürrüňdeşlik geçirdiler. Şunuň bilen
birlikde “
Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak
” ýylynyň nyşanynda Türkmen Bitaraplygy asmanda ganatyny ýaýýan
laçyn guşunyň şekili, Bitaraplygyň çuňňur taryhy kökleriniň alamaty höküminde
gök asmana uzaýan derek agajynyň syrdamly şekili, parahatçylygyň, päkligiň we
halallygyň, şowlulygyň, saglygyň we ýaşaýşyň, döredijiligiň, ygrarlylygyň,
agraslylygyň we paýhasyň, dostlugyň, abadançylygyň
  hem-de arassa zähmetiň alamaty hökmünde ak,
mawy, ýaşyl, gyzyl, sary we beýleki reňkleriň sazlaşygy ýerlikli ulanylandygyny
beýan etdiler.
                                                                                                            Ilkinji okuw
sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň many-mazmunynyň
nesil terbiýesindäki orny we ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. 

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40