Wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Täze döwür
amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim
mümkinçilgini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli
toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlary kämilleşdirmek, ýaşlar barada
döwlet syýasaty bilen bagly  maslahatlary
geçirmegi teklip edýärin.”  diýen  tabşyrygyndan ugur alyp, Balkan welaýat
maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda iş
masalahaty geçirildi.                                                                                                                                                                                                                 Maslahata
etrabyň jemgyýetçilik guramalary, edara-kärhanalaryň wekilleri, mekdebiň
mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Geçirilen maslahatyň dowamynda Hormatly
Prezidentimiziň ýaşlar barada döwlet  syýasatyny,
ylym, bilim, medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiz tarapyndan
alnyp barylýan işler dogrusynda  durup
geçildi. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny
arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40