Görelde mekdebi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda Garaşsyz,
hemişelik baky Bitarap Watanymyz bedew bady bilen nurana geljege tarap
öňe barýar. Sebäbi biziň ýudumyzda her bir gazanylan ösüşleriň özeninde halkyň
bähbidi, ýaşlaryň aladasy bar. Ýurduň geljegi, ýaş nesilleriň ertesi bilen baglaşdyrýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň durmuşynda öz mynasyp orunlaryny
tapmagy üçin beýik görelde mekdebi bolup durýar.
Türkmençilikde ata-babablarmyzdan galan
gadymy we müdimi miras bar: agzybirlik we jebislik. Türkmen halkynyň gazanýan
ähli ýeňişleriniň we üstünlikleriniň Türkmenistan döwletimiziň bu günki
günde barha artýan halkara abraýynyň
özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz
tagallalary, aladalary, alyp barýan işleri görelde mekdebi bolup durýar. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ýokary bilimli, ösen
aň-düşünjeli, berk bedenli, geçmişe sarpa goýup, geljege ynamly, watansöýüji
ýaşlaryň terbiýelenip ýetişdirilmegine örän uly üns berýär. Bu babatda Gahryman
Arkadagymyzyň her okuw ýylynyň ilkinji güni ýurdumyzyň talyp ýaşlary hem-de
mekdep okuwçylary bilen geçirýän okuw sapagy örän uly ähmiýete eýe bolup
durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndaky: “Ýürekden çykan sözüň ýürege
barşy ýaly, yhlas bilen edilen iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden
ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek,
watansöýüji
ýaşlaryň terbiýelenip ýetişdirilmegine örän uly üns berýär. Bu babatda
Arkadagymyzyň her okuw ýylynyň ilkinji güni ýurdumyzyň talyp ýaşlary hem-de
mekdep okuwçulary bilen geçirýän okuw sapagy örän uly ähmiýete eýe bolup
durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndaky: “Ýürekden çykan sözüň ýürege
barşy ýaly, yhlas bilen başyna baran iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz
watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak
siziň esasy borjuňyzdyr” diýip beren watançylyk sargytlaryny bagtyýar ýaşlar bu günki günde özleriniň durmuş ýörelgesine
öwürdiler. Halkymyzy abadan
eşretli durmuşda ýaşaýan, ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç
bolsun!
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güýzgeldiýew Güýzgeldi.