“Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini
barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda
ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň
sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol
hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde
ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça
wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär
. Ýurdumyzyň
ähli künjeginde bolşy ýaly Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebimizde 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda etrabymyzyň hukuk goraýjy
işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de mekdebiň talyp ýaşlarynyň
gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   Maslahatda hünärmenler
özleriniň çykyşlarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda”
Türkmenistanyň Kanuny
,
ýol hereketiniň
howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi
niň  amala aşyrýan
işleri dogrusynda, ö
süp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin
birnäçe
kada-kanunlar durmuşa geçirilýändigi
barasynda durup geçdiler
.
Bu biraýlygyň dowamynda
ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň,
maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň
wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallaryň
biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda
adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan
ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40