Görelde mekdebi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Watanymyz bedew bady bilen nurana geljegine tarap öňe barýar. Sebäbi biziň ýurdumyzda her bir gazanylýan ösüşleriň özeninde halkyň bähbidi, ýaşlaryň aladasy bar. Ýurdyň geljegini, ýaş nesilleriň ertesi bilen baglaşdyrýan Gahryman
Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň durmuşynda öz mynasyp orunlaryny tapmagy üçin beýik görelde mekdebi bolup durýar. Türkmençilikde ata-babalarymyzdan galan gadymy we müdimi miras bar: agzybirlik we jebislik. Türkmen halkynyň gazanýan ähli ýeňişleriniň we üstünlikleriniň Türkmenistan döwletimiziň bu günki günde barha artýan halkara abraýynyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, aladalary, alyp barýan işleri görelde mekdebi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ýokary bilimli, ösen aň-düşünjeli, berk bedenli, geçmişe sarpa goýup geljegine ynamly, watansöýüji ýaşlaryň terbiýelenip ýetişdirilmegine örän uly üns berýär. Bu babatda Arkadagymyzyň her okuw ýylynyň ilkinji güni ýurdumyzyň talyp ýaşlary hemde mekdep okuwçylary bilen geçirýän okuw sapagy örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndaky: “Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr” diýip beren watançylyk sargytlarny bagtyýar ýaşlar bu günki günde özleriniň durmuş ýörelgesine öwürdiler. Halkymyzy abadan eşretli durmuşda ýaşadýan, ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
mugallymy Güýzgeldiýew Güýzgeldi.