Döredijilik bäsleşigi geçirildi

2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy”  ýylynda “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy”  döwrüni has-da dabaralandyrmak şöhratlandyrmak hem-de ýurdumyzda giň gerimde belleniljek  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli  “Adyň  zybanlara Dessan Pyragy” atly  döredijilik bäsleşigini geçirmek bilen, türkmen şekillendiriş sungatynyň  ajaýyp nusgalaryny görkezmeklik,  ýurdumyzyň durmuş –ykdysady ösüşine  goşýan mynasyp goşantlaryny nazara alyp,  milli medeniýetimizi, türkmen millli şekillendiriş  sungatynyň dürli ugurlarynda  beýan etmegi başarýan merdana ogul-gyzlary ýüze çykarmaklygy,  höweslendirmekligi we olaryň akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny we şahyryň goşgularyny wasp edýän ajaýyp sungat eserlerini köpçülige giň gerimde ýaýmaklygy  şeýle hem, milli medeniýete we türkmen milli şekillendiriş sungata  höwesli ýiti zehinleri ýüze çykarmagy, Hormatly Prezidentimiziň Türkmen milli medeniýetini hem-de türkmen milli şekillendiriş sunagtyny  ösen derejelere ýetirmeklik hakynda aýdan ajaýyp jümlelerini durmuşa geçirmekligi    maksat edinýär.   Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem diňe bir ykdysady ugurlardan däl, eýsem medeni ugurlardan hem höwesjeň talyplary görkezmek bolar. Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp  “Adyň zybanlarda Dessan Pyragy” atly döredijilik bäsleşigine okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bäsleşikde “ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň I ýyl talyby Magtymowa Miwe  baýrakly oruna mynasyp boldy.  Talyp ýaşlaryň okuwdan boş wagtlary döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýtýarys

 


Taýýarlan: okuw
bölüminiň hünärmeni D.Çeperalyýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40