Siz dowamy – dowamaty dünýäniň!
Ýurdumyz
Türkmenistan häzirki wagtda aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik syýasy, durmuş-ykdysady
we medeni ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly
gatnaşmagyna gönükdirlen işjeň gender syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzda
döredilýän bu gender syýasaty aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli
ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Döwletiň ýokary ösüş
derejesini häsiýetlendirýän iň esasy görkezjileriň biri zenanlaryň jemgyýetdäki
orny bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Şu jähitden türkmen halky zenanlara
özboluşly hormatly garamak bilen tapawutlanýar diýip aýdyp bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň aýal-gyzlary
milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler we önjeýli goşant
goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz aýal-gyzlaryň dürli durmuş üpjünçiligini,
olaryň önümçilikdäki zähmeti bilen maşgaladaky ornuny sazlaşykly utgaşdyrmaga
kömek edýändigini nazarda tutup, zenanlaary maddy taýdan doly üpjün etmäge
möhüm ähmiýet berýär. Eneleri we çagalary goramak, maşgalany durmuş taýdan
goramak, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesili terbiýelemek baradaky syýasatyny
yzygiderli alyp barýar. Megerem ene bolmak dünýäde iň ajaýyp
duýgularyň biri bolsa gerek. Sebäbi iň ýakymly aýdym ene hakyndaky aýdym, iň
mähirli goşgy eneler hakyndaky goşgy, iň owadan surat enäniň keşbiniň
şekillendirlin suratydyr. Eneleri wasp etmedik şahyr, mähirli enelerimiz
hakynda hiňlenmedik bagşy ýokmyka diýýärin. Eneler hakda
aýdylanda enelere dünýäniň diregi,
dünýäniň durky, görki–görmegi diýip ýöne ýerden aýdylmaýar. Milli Lidermiziň “Enä tagzym –mukaddeslige tagzym” atly
kitabynda ”Ene” diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe “söýgi”
diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň
üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga
mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar” -diýip, mährem eneleriň mertebesini
belent derejä galdyrýar. Biz
hem “8-nji mart- Halkara zenanlar “
güni bilen ähli zenanlarymyzy mähriban enelerimizi, mährem uýalarymyzy, öýleriň
ýaraşygy gelin- gyzlarymyzy tüýs
ýürekden gyzgyn gutlaýaryn. Goý olaryň ýüzündäki bagt nury hiç wagt öçmesin. Biz zenanlara okamak , öwrenmek, döretmek,
dürli kärlerde zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il
bähbitli döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň kitaphanaçysy:Aşyrowa O.