TÄZE ÝYLYMYZ GELÝÄR
Bu gün şatlyk-şagalaň köňüllere nur saçdy,
Arkadagly Watana Täze ýylmyz gelýär.
Bagtyýarlyk döwrümiz ilimiň bagtyn açdy,
Arkadagly Watana Täze ýylmyz gelýär.
Ýyllar gelýär ýurduma şöhrat bolup, şan bolup,
Täze ýylyň şowhuny ýaň salyp dur saz bolup.
Ak garly ak gyşlarda baky bahar-ýaz bolup,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.
Täze ýylyň her güni umytlardan dolydyr,
Mertebeli menzili gülleýşiň ýoludyr.
Düşümli gadamlary dal bedewleriň badydyr,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.
Gursaklarda eçilip arzuwlaryň ajabyn,
Gowşurmaga gelýär ol wysallaryň açaryn.
Giňden ýazýar her öýler baýramçylyk saçagyn,
Arkadagly Watana Täze ýylmyz gelýär.
Bereketli toprakdan köp alansoň hasyly,
Daýhanyň täze ýyldan tamasy-da has uly.
Bu gün arşa göterlip köňülleriň joşguny,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.
Ak garýagýar asmandan, aklyk-alnyňa ýagşy,
Gel, Täze ýyl, aklykda ýörär ýollaryň ýagty.
Şahyr kalby joş urup, şanyňa şygyr ýazdy,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.
Degresinde nesiller-bagtyýarlyk parçasy,
Zerden zyýat bezeldi täze ýylyň arçasy.
Bu gün begendirmäge dost-dogany, gardaşy,
Arkadagly Watana Täze ýylymyz gelýär.
mso-ascii-theme-font:major-latin;mso-hansi-theme-font:major-latin;mso-bidi-font-family:
Calibri;mso-bidi-theme-font:minor-latin;color:#0070C0;mso-ansi-language:TK">Goşgynyň
awtory: Gaýypsahatowa Gurbanjemal
mso-hansi-theme-font:major-latin;mso-bidi-font-family:Calibri;mso-bidi-theme-font:
minor-latin;color:#0070C0;mso-ansi-language:TK">buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň talyby.