Ajaýyp zamanyň bagtly ýaşlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny dowam
etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli
şertler üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynyň
ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil,
häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw, lingafon enjamlary bilen enjamlaşdyrylan
bilim ojaklarynyň hyzmatyndan peýdalanyp, ylym-bilim alýarlar. Munuň özi ösüp
gelýän ýaş nesilleriň bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de gözýetimlerini
giňeltmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary milli,
watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň netijeli zähmete bolan söýgüsini
artdyrmak, häzirki döwre buýsanjyny,
ýagty geljege ynamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak
täze eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň
mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň
ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we
jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän
alada mynasyp jogaby bolup durýar.
Ýurdumyzyň
bilim ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, ömürleri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýnagözel Nyýazmyradowa
Balkan welaýat
maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň talyby