Bitaraplyk Başymyzyň guwanjy

Batly
ösüşlerden, ýeňişli menzillerden doly günleri toý-baýramlara beslenýän eziz
Watanymyzda her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni uly
dabara bilen bellenilýär. Bu se­ne Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn orun
tut­ýar, çün­ki şol seneden soň Bitarap döwletimizde al­nyp ba­ryl­ýan da­şa­ry
sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry
bü­tin dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bo­ldy. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk
ýörelgesi ýur­du­my­za yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly
git­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rmek bilen hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň
bag­ty­ýar hem-de aba­dan dur­mu­şy­nyň bin­ýa­dy­na öw­rül­di. Türkmen
halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik
häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary
syýasatynyň özeni bolup durýar.
Halkara Bi­ta­rap­lyk
gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik
dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn öz­gert­me­le­re,
yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len
yl­my mas­la­hat­lar, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Joşguna
hem şatlyga beslenýän me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri ynsanlara
baýramçylyk ruhuny paýlap, göwünleri galkyndyrýar.
Şeýle
baýramçylyklaryň biri hem  Balkan welaýat
maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde şatlyk-şowhun bilen bellenilip  geçilýär. Okuw mekdebiň talyp ýaşlary
baýramçylyk çäresini uly ruhybelentlik bilen garşy aldylar. Mekdepde
baýramçylyk mynasybetli talyp ýaşlar etrabyň  Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gyzylarbat etrap Geňeşi bilen
bilelikde  birnäçe çäreler, bäsleşikler
we döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Talyplar özleriniň ýürek buýsançlaryny,
Bitarap Watanymyza bolan söýgüsini aýdymdyr gazallaryň üsti bilen beýan
etýärler.
Garaşsyz 
baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de
Türk­menistan döwletimiziň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­niň
berk bin­ýa­dy­na öw­rül­ýär. Hal­ky­my­zyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri bi­len saz­laş­ýan
hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň se­bit­de parahatçylygyň hem dostanalygyň sak­lan­ma­gy­na
hyz­mat ed­ýän­di­gi bag­ty­ýar        wa­tandaş­la­ry­my­zy
çäk­siz buý­san­ja bes­le­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myza esaslanýan ber­ka­rar
döw­le­ti­mi­ziň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li
baş­lan­gyç­la­ry­ny giňden da­ba­ra­lan­dyr­ýan Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy
aman bolsun!






Balkan welaýat
maliýe-ykdysady orta
hünär okuw
mekdebiniň okuw bölüminiň
hünärmeni,
mekdebiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar
guramasynyň
başlygy Dursuntagan Çeperalyýewa






Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40