Eýsem sanly ulgam näme?
Biziň häzirki döwrümize tehnikanyň
we tehnologiýanyň zamanasy diýmek bolar. Sebäbi her bir işde tehnikanyň,
tehnologýanyň ulanylmagy alynyp barylýan işiň depginini artdyrýar, tiz we
öndürijilikli işlemäge mümkinçilik döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly
tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Öňki bar bolan tehnikalaryň durky täzelenýär,
bu bolsa öz gezeginde önümçiligiň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň ösmegine itergi
berýär. Jemgyýeti ösürmekde esasy orun ylma degişli bolup durýar. Şol sebäpli
häzirki döwürde ylmy-tehniki özgerişleriň ykdysadyýetimize giňden
ornaşdyrylmagy bellärliklidir.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly biziň häzirki
dünýämizde «Sanly ulgam» adalgasy giňden ulanylýar. Eýsem, “sanly” diýmek nämäni aňladýar? Latyn dilinden
bize gelen sanly sözüň sözlük manysy
“san”, "barmak" manysyny berýän latyn sanlaryndan gelýär. Barmaklary
bilen sanap, rim sanlaryny ulanýan adamlar "san, sanamak prosesi"
höküminde ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi
bilen bu adalga san we sanlaşdyrmak düşünjesine uýgunlaşypdyr.
Asyl dilinde "sanly"
hökmünde ýazylan bu söz häzirki wagtda esasan elektron we awtomatiki manyda
ulanylýar. Awtomatiki, mehaniki däl, iş prinsipi bolan ähli gurallar we
enjamlar sanly hökmünde kesgitlenýär. Häzirki döwrüň iň esasy meseleleriniň
biri hem Sanly dünýäniň tehnologiýalaryndan dogry we dürs peýdalanmakdyr. Şonuň üçin sanly diýlende, elektroniki esasly
sanly amallaryň beýleki degişli pudaklarda ulanylmagyny göz öňünde tutýarys.
“Sanlaşdyrmak” islendik kompýuterde,
smartfonda, planşetde we ş.m.
maglumatlary, işleri elýeterli
ulanmagy aňladýar. Sanly tehnologiýalar sanly maglumatlary gaýtadan işlemek, saklamak,
geçirmek ýa-da hödürlemek üçin ulanylýan tehnologiki gurallar we ulgamlardyr.
Bu tehnologiýalar gündelik durmuşdan tä iş dünýäsine çenli köp ugurlarda
ulanylýar. Tehnologiki gurallar bilen okalyp, şol şertlerde redaktirlenip we iş
prosesine girizilmegi üçin maglumatlary sanly mediýa geçirmek prosesi hökmünde
kesgitlenip bilner. Häzirki Dünýäniň
şertlerinde biz şol tehnologiýalar bolmazdan iş prosesini dolandyrmak, durmuş
torlaryny ulanmak has kyn ýa-da has mümkin däl ýagdaýa gelip biler. Häzirki
zaman dünýäniň şertlerinde döwir bilen aýakdaş gitmek üçin bolsa sanly dünýäniň
mümkinçiliklerinden peýdalanmak hokmany şertleriň birine öwrüldi. Ähli
ugurlarda bilim ulgamynda, ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyş pudagynda
sanly ulgama geçmek, bu umumadamzat ähmiýetli täzeçillikdi
Biziň döwletimizde hem sanly ulgama
geçmekde we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde sanly başarnyklary has-da
ýokarlandyrmaga aýratynüns berilýär. Adam diňe bir bilimleri göteriji, hünär
endiklerini topaýjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dördijilikli başlangyçlara
gatnaşmak arkaly olary ösdürýän güýje öwrüldi. Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmekde öňde goýulan wezipeleri
ýerine ýetirmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere
zerurlyk göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň
maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän
hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wezipeler girizildi.
Şunuň bilen baglylykda Hormatly
Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň
dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin, olaryň dünýäniň ösen
tehnologiýalaryndan baş alyp çykmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.