GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary
boýunça uly ösüşler we oňyn özgerişler gazanylýar.
Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde döwletimizde
ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur ylym we bilim almagy üçin ähli
şertler döredilýär.
Eziz Watanymyzyň
Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşanyna şanly 32 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk - bir bitewi özbaşdak döwlete eýe
bolup öz erkinligine, özygtyýarlygyna dolanan milletiň beýik ykbaly.
Garaşsyzlyk-müňýyllyklardan gaýdýan taryhy ýollary merdanalyga we
gahrymançylyga beslenen gadymy türkmen halkynyň köňüllerinde beslän
arzuwlarynyň, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasy. Dillerimiziň aýdymy,köňülleriň
joşguny beýik Garaşsyzlygymyz hakda buýsançly oýlananyňda ata-babalarymyzyň
asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan özbaşdaklyk hakyndaky umytlary seriňe gelýär. Garaşsyzlyk
bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we
jebisliginiň müdimi binýadydyr.Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda, asyrlara barabar işler amala
aşyrylyp, ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanyldy. Bu gün biz şol Garaşsyzlygyň, Parahatçylygyň çäksiz hözürini gorýäris.Men hem eziz
watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyl dolmagy mynasybetli talyp ýüregimden
ähli türkmen halkyny, hormatly mugallymlary we talyp deň duşlarymy tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz buýsanjymy beýan edýarin. Goý, olaryň janlary sag,
tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly
bolsun!
Taýýarlan: Gaýypsahatowa Gurbanjemal “Buhgalterçilik
hasaba alnyşy” hünäriniň I ýyl talyby