Bilimler we Talyp ýaşlar güni bellenildi.

Bilim almak,
hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen
durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr.
Şoňa görä-de, biz Berkarar häzirki   döwürde
bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady  hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine
aýratyn ähmiýet berýäris. Ylmy- tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze
tehnologiýalara, öňdebaryjy bilimlere we innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz
Watanymyzy okgunly ösdürýäris
.
Garaşsyz döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
dir. Türkmenistan Döwletimizde her ýylyň
1-nji sentýabry
nda “Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw 
mekdebinde hem  2023-2024-nji okuw
ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar gününi bellemek üçin ir
säher bilen mekdebiň  talyp ýaşlary,
mugallymlary bilen bilelikde dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Aýdym-sazly
dabaranyň dowamynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, okuwa kabul edilen
1-nji ýyl talyplar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.  Soňra talyplar  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Garaşsyz
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, Mekdep okuwçylaryna, Talyp ýaşlaryna,  Mugallymlaryna we Bilim işgärlerine iberen
gutlag sözi bilen tanyşdyryldy.  Hormatly
Prezidentimiziň gutlag sözüni mekdebiň direktory Ýazmämmet Bozjanow uly buýsanç
bilen okap berdi. 
Dabaraly nyzamdan soňra  talyp ýaşlar 
«Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly
»
diýen
at bilen ilkinji okuw sapagyn
a başladylar.
 Taýýarlan:Okuw
bölüminiň hünärmeni D.Çeperalyýewa
.




Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40