Balkan welaýat mliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “AÇYK GAPYLAR” güni geçirildi.
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Balkan welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebinde Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym, bilim- ulgamyny ösdürmek
barada alyp barýan syýasatynyň orta hünär okuw mekdebimizde durmuşa geçirilişi,
ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, okuwlaryň guralyşyny, öwrenilýän
hünärleri, taýýarlyk ugurlary, talyplaryň sapaklara gatnaşygyny welaýatymyzyň
orta mekdebi gutarýan uçurumlary we ýaşlary tanyşdyrmak üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk
gapylar” gününde mekdebimiziň tejribeli mugallymlary tarapyndan mekdep
okuwçylaryna okuw mekdebimizde geçilýän dersler dogrusynda, okuw jaýynyň taryhy, geçirilýän baýramçylyk çäreleri barada
hem-de, Milli Liderimiziň ylym-bilim
ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriň
durmuşa geçirilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Mekdep okuwçylar özlerini
gyzyklandyrýan soraglar boýunça okuw mekdebiň mugallymlary we ýolbaşçylary
bilen sorag-jogap alyşdylar.